Günorta-günbatar Pakistanyň mineral serişdelerine baý sebiti bolan Bulujystanda separatist pitnesi tas çärýek asyr wagt bäri üznüksiz dowam edýär.
Ýöne buluç azlyklarynyň kowçum bolup ýaşaýan sebitleri bolan hem-de Owganystan we Eýran bilen serhetleşýän strategiki taýdan ähmiýetli ilatly ýerlerde soňky wagtlarda zorlukly hüjümleriň birden ýygjamlaşmagy bu sebitiň ynjyk tebigatyna ünsi çekdi.
Bulujystanyň Pakistandan bölünip aýrylmagyny isleýän separatist jeňçilerden ybarat Bulujystan Azat ediş armiýasy 16-njy martda çetki Noşki etrabynda howpsuzlyk güýçlerine edilen hüjümi öz üstüne aldy.
Pakistan resmileri janyndan geçeniň ulagda bomba partlatmagy netijesinde bolup geçen hüjümde üç esgeriň hem-de iki asuda raýatyň öldürilendigini aýtdy.
Otlynyň ele salynmagy
Birleşen Ştatlar, Ýewropa Bileleşigi we beýlekiler tarapyndan terror guramasy hökmünde kesgitlenen topar geçen hepdede Bulujystanyň taryhy Bolan Pass sebitinde ýolagçy otlusyny ele saldy.
Hatda Pakistandaky zorluk ülňülerine laýyklykda hem görlüp-eşidilmedik hüjüm 36 sagatdan gowrak dowam etdi.
Bulujystan Azat ediş armiýasy bu ýolagçy otlusynda gidip barýan ýüzlerçe howpsuzlyk işgärini öldürilendigini öňe sürdi.
Ýöne Pakistanyň goşuny özüniň üstünlikli amala aşyran halas ediş operasiýasynda onlarça jeňçini öldürendigini, zamunlaryň aglabasyny boşadandygyny aýtdy.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy žurnalistleriň baryp bilmeýän ýerlerinde, seýrek ilatly sebitlerde bolup geçen wakalar boýunça biri-birine gapma-garşy gelýän bu öňe sürmeleri garaşsyz ýagdaýda tassyklap bilmeýär.
Bulujystan welaýatynyň Bolan etrabynda ýolagçy awtobusy separatist güýçleriň hüjüm amala aşyran ýerinden geçip barýar.
Ýöne zorlugyň ýygjamlaşmagy 250 million ilaty bolan musulman ýurtda möhüm dartgynlyklaryň bolup geçýän pursatlaryna gabat gelýär – Pakistan syýasy tolgunyşyklardan, ykdysady kynçylyklardan, şeýle-de ýurduň demirgazyk-günbatarynda “Tehrik-i Taliban Pakistan” we “Yslam döwleti – Horasan” tarapyndan ýowuzlaşdyrylýan möwjemelerden açylmaga çalyşýar.
“Çaknyşygyň erbetleşmeginiň iň esasy sebäpleri Bulujystan Azat ediş armiýasynyň öz içinde bolup geçen üýtgeşmeler hem-de syýasy we ykdysady krizisiň ýaramazlaşmagy bolup durýar” diýip, Britaniýada ýerleşip, Bulujystan boýunça gözleg-barlag işlerini alyp barýan Zafar Baloç aýdýar.
“Häzirki bolup geçýän zatlar öňünden çaklap boljak zatlardy, sebäbi Bulujystan Azat ediş armiýasy transformasiýa edildi” diýip, ol aýtdy.
Ol soňky ýedi ýylyň dowamynda Bulujystan Azat ediş armiýasynyň milletparaz pitneçi topar bolmakdan “ýokary derejede çylşyrymly, tertip-düzgünli jeňçi toparyna” öwrülendigini hem-de olaryň eýeçiliginde çylşyrymly ýaraglaryň bolandygyny aýtdy.
Pakistanly resmiler olaryň ösen ýaraglara aňsat eýe bolmagy boýunça ABŞ-nyň Owganystanda galdyryp giden ösen tehnikalaryna aýyplaýar. Bulujystan Azat ediş armiýasy, Tehriki Taliban Pakistan ýaly toparlarda indi çylşyrymly we gijelerine görmäge mümkinçilik berýän gorag äýnekleri, snaýperler, we Owganystandan getirilen bolmagy ahmal başga-da ýaraglar bar.
Degişli maglumat Pakistanyň otlusynda zamun alnan 100-den gowrak adamyň ykbaly näbelliliginde galýarTalibanyň Owganystanda häkimiýet başyna gelmeginden bäri buluç separatist gozgalaňçylary hem-de yslamçy Tehriki Taliban Pakistan tarapyndan amala aşyrylýan zorluklarda artyş bolup geçýär.
Pakistan ýygjamlaşýan zorluk hadysalary boýunça Owganystanyň Taliban hökümetini hem-de özüniň sebitdäki “ganym duşmany” bolan Hindistany aýyplaýar. Kabul we Täze Deli Yslamabadyň öňe sürmelerini ret edýär.
Buluç separatistleri soňky bir ýylyň dowamynda 175 hüjüm amala aşyrdylar, olar ondan öňki ýylyň dowamynda 110 hüjüm amala aşyrypdylar. Şeýle hüjümlerde 700 çemesi adam öldürildi ýa-da ýaralandy, olaryň aglabasy howpsuzlyk güýçleriniň agzalarydyr.
“Olaryň aňtaw maglumatlaryny toplamak mümkinçilikleri artdy, şeýlelikde tutuş bir ýolagçy otlusyny ýesir almak ýaly hüjümler boýunça inçe meýilnamalary düzüp bilýärler” diýip, “Horasan gündeligi” neşirinde Bulujystan boýunça maglumat çap edýän analitik Imtiaz Baloç aýdýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.