Özbegistanda daýhanlar, döwlet goldawynda ösüş bahanasy bilen, öz ýerlerini hytaý firmalaryna bermäge mejbur edilýändiklerini, hökümetiň mes toprakly ýüzlerçe müň gektarlyk pagta we bugdaý meýdanlaryny ýerli ýaşaýjylaryň ellerinden alýandygyny aýdýarlar.
Olar Fergana jülgesindäki mes toprakly ýerleriň ykbalyna alada bildirip, giň meýdanlaryň döwletiň ýer gaznasyna alnandygyny we hytaýly işewür adamlara geçirilendigini Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna gürrüň berdiler.
Resmi kagyzlarda ýeri geçirmekligiň meýletin bolandygy aýdylýar. Ýöne öz ýerleriniň eýeçiligini geçiren onlarça adamyň Azatlyk Radiosyna beren malgumatlary başga bir hakykaty açyp görkezýän ýaly bolup görünýär: ýerli resmileriň buýrugy boýunça hereket edýän özbek kanun goraýjylary tarapyndan gorkuzmalar, haýbatlar we mejbur etmeler.
“Häkim maňa: ‘Bu prezidentiň buýrugy. Ýa ýerden geçersiň, ýa-da türmä gidersiň’ diýdi” diýip, bir daýhan bu meseläni köpçülikde gozgany üçin, özünden ar alynmagyndan gorkup, anonim şertlerde gürrüň berdi.
Assyryn täsir?
Özbegistan, Gyrgyzystan we Täjigistan arasynda paýlaşylýan Fergana jülgesinde ýüze çykan ýer eýeçiligi meseleleri Merkezi Aziýa sebitinde barha göze görnüp, dartgynlaşyp barýan wawwaly bir meselä – ýagny, ýer dawalary, karz garaşlylygy, zähmet bazary boýunça dartgynlylyklar we assyryn täsir gorkusy bilen meçew alýan hytaýa garşy garşylyk duýgularynyň möwjemegine – nobatdaky mysal bolup durýar.
Degişli maglumat «Sinostan». Hytaý Merkezi Aziýada «islenmeýän imperiýany» nähili gurdyDaýhançylyk hakynda Özbegistanyň kanunyna görä, daýhan döwletiň ýerini 49 ýyllygyna kärendesine alýar. Ne ýerli häkimiýetler, ne-de prokurorlar bu ýerleri yzyna alyp bilýär. Kanunçylyga görä, döwlet diňe kazyýetiň karary bilen bu ýerleri alyp bilýär.
Ýöne daýhanlar ekerançylyk meýdanlarynyň ýerli häkim Şöhrat Abdurahmanowyň dilden beren görkezmesi esasynda ellerinden alynýandygyny aýdýarlar.
“Men öz ýerimi bermek islemedim we garşylyk görkezdim, ýöne etrap häkimi muňa jogap edip, polisiýanyň hem-de Milli gwardiýanyň 20-den gowrak ofiserini etrap häkimliginiň binasyna çagyrdy we olara meni we aýalymy tussag etmegi buýruk berdi” diýip, Gürgendepe etrabyndan bir daýhan Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
“Şonuň üçin, häzir hiç bir daýhan garşy çykmaýar; sebäbi, olar türme basylyp bilinýär. Ol ýerden biziň hiç birimiz diri çykyp bilmeris” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Sebit administrasiýasy Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy tarapyndan habarlaşylanda daýhanlaryň aýdýanlary barada teswir berip bilmedi.
Hytaýyň giň meýdanlary almagy boýunça bar bolan aladalar diňe bir daýhanlar bilen çäklenmeýär.
Pekiniň Merkezi Aziýadaky ykdysady täsiri soňky ýyllarda Hytaýyň hyjuwly Ýol—guşak başlangyjy arkaly çaltlyk bilen ösdi.
2025-nji ýylyň başlaryndaky ýagdaýa görä, Hytaý Özbegistanyň iň iri söwda hyzmatdaşy bolup durýar, ikitaraplaýyn söwda dolanyşygy 12,5 milliard dollara baryp ýetdi. Ýurtda 3,400-den gowrak hytaý kompaniýalary hereket edýär, bu san hatda ýurtdaky rus kärhanalarynyň sanyndan hem aşýar.
Gazagystan ýaly beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynda hem birmeňzeş meýiller peýda bolýar.
Degişli maglumat Ol "gaýtmasy bolmadyk" ýolmy? Özbegistana hytaý maýa goýumlarynyň ösüşi we reaksiýalar‘Ykdysady duzak’
Hytaý inwestisiýalary infrastrukturalary, iş ýerlerini we tehnologiýalary wada berýär. Ýöne ekspertler munuň garaňky taraplary barada duýduryş berýärler.
Özbek syýasy analitigi Nargiza Murataliýewa görä, Merkezi Aziýa ýurtlary Hytaýyň ‘ykdysady duzagyna’ barha köp düşýärler: köplenç gümürtik şertlerde berilýän karz pullaryna bolan aňsat elýeterlilik soňy bilen gowşak döwletleri syýasy basyşlara ýa-da aktiwleriň konfiskasiýa edilmegine eltip bilýär.
Murataliýewa Pekiniň 2011-nji ýylda Täjigistanda karzlardan geçmegiň öwezine 1100 inedördül kilometr meýdany alandygyna ünsi çekýär. Bu, ‘duzaga düşmegiň’ ýol açyp biljek netijelerine anyk mysal bolup durýar.
Hytaý jemi 3.8 milliard dollara barabar bolan karz pullary bilen Özbegistanda bireýýäm iň iri karz beriji bolup durýar.
“Sebitdäki ähli döwletlerde hytaý karzlarynyň umumy aýratynlyklary karz almagyň aňsatlygy, yzyna tölemegiň kyn bolmagy, şeýle-de proseduralaryň hem-de belli-belli şertleriň aç-açan bolmazlygydyr” diýip, Murataliýewa aýdýar.
Degişli maglumat Russiýa garşy sanksiýalar we Trampyň gümrük çäreleri sebäpli, Hytaýyň awtoulag senagaty Merkezi Aziýa bazaryny eýeleýärBergiler, ýerleriň geçirilmegi we Hytaýyň ykdysady gözegçiliginiň ýokarlanmagy ýerli ýaşaýjylarda “neokolonializm” pikirleriniň döremegine getirýär, hususan-da ýerli halklar karar kabul ediş prosesinden çetde tutulan halatynda bu şeýle bolýar.
Hytaýyň Sinjiang welaýatynda uýgurlara we ‘hanlardan’ bolmadyk beýleki etniki toparlara agyr çemeleşilmegi merkezi aziýalylara içgin täsir edýär, olaryň umumy dil, din we medeni arabaglanyşyklary bar.
Bu, propaganda bolsa-da, bolmasa-da, Hytaý bir gün gazaklara-da ýa-da özbeklere-de şeýle çemeleşip biler diýen gorky hem Pekiniň giňeýän örüsine garşy, mundan-da beýläk, garşylyk tohumlaryny ekýär.
“Hytaýlylar meniň ýerimi gaty gowy görýän ekeni; olar beýleki daýhanlardan hem ýerlerini almak isleýän ekeni. Biz tebigy taýdan muňa garşy bolýarys, ýöne etrap häkimi, prokuror we polisiýanyň başlygy bize basyş etmegi dowam etdirýär” diýip, Özbegistanyň Andijon welaýatyndan bolan bir daýhan Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
“Bizi gynandyrýan zat, olar soňy bilen biziň ýurdumyzy hem elimizden alyp, bize-de Sinjiangdaky uýgurlara eden zatlaryny edip bilerler” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.