Germaniýanyň täze kansleri Fridrih Mers ýurduň harby gullukçylarynyň Ukrainada parahatçylygy üpjün etmek maksady bilen iberilmegi baradaky meseläniň häzirki wagtda gün tertibinde durmaýandygyny aýtdy. Bu barada ol Die Welt gazetine beren interwýusynda belläp geçdi, gürrüňden bölekleri “Deutsche Welle” neşiri ýaýratdy.
Mersiň pikiriçe, Ukrainadaky ýagdaý heniz ok atyşyklaryň netijeli togtadylmagyna we parahatçylyk ylalaşygyna ýetmekden örän uzakda.
Ol şeýle hem, Russiýa bilen ok atyşylygy dowamly togtatmak boýunça degişli ylalaşyk gazanylmazdan, Germaniýanyň Ukrainanyň howpsuzlygyna degişli kepillikler boýunça hiç hili maglumat berip bilmejekdigini aýtdy.
Mers Waşingtonyň roly barada hem durup geçip, Russiýanyň Ukraina garşy urşunyň “Birleşen Ştatlaryň goşmaça syýasy borçnamalary bolmazdan” bes edilip bilinmejekdigini belledi. Şeýle-de ol, Ýewropanyň ABŞ-nyň ornuny tutup bilmejekdigini nygtady, ýöne bu ugurda goşant goşmaga taýýardygyny aýtdy.
Fridrih Mers Germaniýanyň kansleri wezipesine 6-njy maýda saýlandy.