Makron Parižde uly Berdimuhamedow bilen gepleşik geçirdi

“Ýelyseý  köşgünde birnäçe şertnama gol çekildi, ýöne energiýa hyzmatdaşlygy agzalmady” diýip, habarda aýdylýar.

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 5-nji maýda Ýeliseý köşgünde Türkmenistanyň de-fakto liderini myhman aldy diýip, BSS, AFP agentlikleri Parižiň Merkezi Aziýa döwletiniň ägirt uly gaz gorlaryna gyzyklanma bildirýändigini habar berýär.

Habarda Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanda “Arkadag” diýlip tanalýandygy, prezidentligi 2022-nji ýylda ogly Serdara geçirendigine garamazdan, onuň öňki sowet ýurdunda 2006-njy ýyldan bäri birinji adam bolup galýandygy bellenýär.

Fransiýa we Ýewropa Bileleşigi, Moskwa Ukraina çozanyndan soň, rus gazyna garaşlylygyny azaltmak tagallalarynyň arasynda, bu sebitdäki gaz gorlaryna göz dikýär diýip, habarda bellenýär.

Türkmenistan bolsa, öz gezeginde öz esasy eksport hyzmatdaşy bolan Hytaýa garaşlylygyny azaltmak üçin, öz gaz eksportynyň aglaba bölegini Günbatar tarapa gönükdirmäge çalyşýar.

Berdimuhamedow öz saparynyň "ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösmegine güýçli itergi berjekdigine", Aşgabat bilen Parižiň arasynda "gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypa açjakdygyna" umyt baglaýar.

“Ýelyseý köşgünde birnäçe şertnama gol çekildi, ýöne energiýa hyzmatdaşlygy agzalmady” diýip, habarda aýdylýar.

Fransiýanyň “Thales Alenia” kosmos topary öňki sowet respublikasyny ikinji telekommunikasiýa hemrasy bilen üpjün etmek üçin çarçuwaly şertnama gol çekdi.

Taraplar bilim we akademiki hyzmatdaşlyk, Türkmenistanda bilelikdäki arheologiki missiýanyň giňeldilmeginiň ýol kartasyny düzmek bilen, durnukly şäher ösüşi ugrunda hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşyga geldi.