Alsu Kurmaşewa, Ewan Gerşkowiç we Pol Whelan, Sowuk uruş gutaraly bäri iň uly tussag alyş-çalşygyna dahylly bolan 24 tussagyň üçüsi Birleşen Ştatlara gaýdyp geldi. Olar Waşingtonyň, Kolumbiýa etrabynyň daşyndaky Endrýu bazasynda ýygnanan adamlaryň şatlyk-şowhuny astynda, prezident Jo Baýden we maşgala agzalary tarapyndan garşy alyndy.
1-nji awgustda, alyş-çalyşyň bir bölegi bolan Türkiýeden gelen üç adam Russiýada we onuň ýakyn ýarany Belarusda boşadylan 16 tussagyň bir bölegi bolup, ABŞ-da we beýleki birnäçe ýurtda saklanylýan sekiz rus tussagynyň deregine azatlyga çykdy.
Biraz öň Ak tamda geçirilen metbugat ýygnagynda bu taryhy alyş-çalyşy gutlap çykyş eden Baýden, wise-prezident Kamala Harris bilen bilelikde, maşgala agzalaryna, kärdeşlerine we habar beriş serişdeleriniň wekillerine goşulyp, rus tussaglygyndan azatlyga çykanlary amerikan topragynda garşy almaga geldi.
Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Kurmaşewa, "Wall Street Journal" gazetiniň habarçysy Gerşkowiç we Miçigan ştatynyň korparatiw howpsuzlyk gullugynyň işgäri Whelan, bularyň ählisi ABŞ raýatlary bolup durýar.
Öňki deňizçi esger Whelan amerikan topragyna gonan uçardan ilkinji bolup çykdy we basgançakdan aşak düşüp, Baýden bilen görüşdi. Hal-ahwal soraşanlaryndan soň, prezident öz ýakasyndaky nyşany alyp, ony rus tussaglygynda iň köp wagt saklanan Whelanyň ýakasyna dakdy.
Soňra Gerşkowiç, onuň yzyndan Kurmaşewa uçardan düşüp, ýygnanan adamlaryň el çarpyşmalary, şatlyk-şowhuny astynda azatlyga çykanlary gujak açyp garşylan prezident bilen görüşdi.
32 ýaşly Gerşkowiç Russiýada 2023-nji ýylyň martynda, habar taýýarlamak üçin Ýekaterinburgda saparda bolýan mahaly tussag edildi. Ol iýul aýynda, içalyçylyk aýyplamalary bilen, 16 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Birleşen Ştatlar we iş beriji neşir "Wall Street Journal" oňa bildirilen içalyçylyk aýyplamalaryny ret etdi.
491 gün tussaglykda oturan žurnalist kärdeşleri bilen salamlaşyp, olar ahyrynda öýe, ýurda dolanyp gelmek nähili diýip soranlarynda "Erbet däl" diýip jogap berdi.
Iki çaganyň enesi, 47 ýaşly Kurmaşewa 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda, Kazanda tussag edildi. Ol ilki Russiýanyň žurnalistleri, raýat jemgyýetiniň aktiwistlerini we beýlekileri nyşana alýan jeza beriji kanunyna laýyklykda, "daşary ýurt agenti" hökmünde hasaba alynmazlykda aýyplandy. Ahyr netijede ol rus goşuny barada ýalan maglumatlary ýaýratmakda günäli tapylyp, 6 ýarym ýyl azatlykdan mahrum edildi.
Biraz öň bu çalşygy yglan edende, Baýden Russiýany Gerşkowiçiň, Whelanyň we Kurmaşewanyň tussag edilmegine alyp gelen "görelde sudlaryny” ulanmakda tankytlady. Ol bu adamlaryň "üçüsiniň-de içaly bolmakda galp aýyplanandygyny" aýtdy.
Haçanda bu tussag çalyşmasyndan soň Putine näme diýerdiňiz diýip soranlarynda, prezident amerikalylaryň gümürtik aýyplamalar esasynda tussag edilmegini nazarda tutup: "Bes et" diýip jogap berdi.
Baýden biraz öň tussaglaryň çalşylmagynyň Germaniýadan "düýpli eglişik" talap edendigini, bu ýurduň FSB-niň, Federal howpsuzlyk býurosynyň polkownigi Wadim Krasikowy, 2019-njy ýylda Berlinde ozalky çeçen söweşijisini öldürmekde günäli tapylan rus raýatyny boşatmaly bolandygyny belledi.
Bu ylalaşyk Russiýa 2022-nji ýylyň fewral aýynda Ukraina garşy giň gerimli urşa başlanyndan soň, Waşington bilen Moskwanyň arasyndaky gatnaşyklaryň soňky onýyllyklarda iň peselen wagtyna garamazdan baglaşyldy.
Çalşylan tussaglaryň arasynda Moskwanyň çozuşyny tankytlandygy üçin tussag edilen rus-iňlis raýaty, dissident Wladimir Kara-Murza hem bar.
"Alsu, Ewan, Pol, Wladimir we beýlekiler, siz öýüňizdäki maşgalaňyza we ýakynlaryňyza degişli!" diýip, Ýewropa Geňeşiniň başlygy Çarlz Mişel X platformasyndaky ýazgysynda aýtdy.
"Men Ýewropada diplomatik yalalaşygyň baglaşylmagyna kömek edenleriň ählisine sag bolsun aýdýaryn. ÝB Russiýada we başga ýerlerde bikanun tussag edilenleriň hemmesini goldamak we olaryň arakasynda durmak tagallalaryny dowam etdirer” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Kurmaşewa, Gerşkowiç we Whelan maşgala agzalary, dostlary bilen bolanlaryndan soň, saglyk bejergisini almak we ABŞ resmileri bilen söhbetdeş bolmak üçin Tehas ştatynyň San Antonio şäherine ugrar.