Ukrainanyň şäherleri Kreml tarapyndan yglan edilen üç günlük ýaraşyk güýje gireninden soň, 8-nji maýda irden asuda ýagdaýda boldy. Russiýanyň birnäçe gijäniň dowamynda amala aşyran adam pidaly zarbalaryndan soň, häzir uzak aralykly dronlaryň ýa-da raketalaryň atylandygy barada maglumat gowuşmady.
Muňa garamazdan, Ukrainanyň Howa güýçleri 8-nji maýda irden Russiýanyň uçarlarynyň ýurduň demirgazyk-gündogaryndaky Sumy sebitine iki gezek ýörite dolandyrylýan bombalary atandygyny aýtdy.
Howa güýçleri birinji bomba hüjüminiň ýaraşyk güýje gireninden üç sagada golaý wagtdan soň amala aşyrylandygyny, ikinji bomba hüjüminiň bolsa iki sagadyň içinde bolandygyny Telegramda habar berdiler. Zyýanlar barada maglumat berilmedi.
8-nji maýda irden Kiýewde ýagdaý asuda boldy. Front liniýasynda söweşiň togtadylyp-togtadylmandygy bada-bat anyklaşdyrylmady.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Ikinji Jahan urşunda nasistik Germaniýanyň ýeňilmeginiň 80 ýyllygyny dabaralandyrýan üç günlük çäreleriň öňýany, 72 sagatlyk ýaraşyk yglan etdi.
Putin Moskwada ýeňiş gününi belläp geçmek üçin Hytaýyň prezidenti Si Szinpini we beýleki ýolbaşçylary kabul edýär. Şol çäreleriň çäginde 9-njy maýda Gyzyl meýdançada harby parad hem geçiriler.
Çärä gatnaşýanlaryň hatarynda Ýewropa Bileleşiginiň Ukraina berýän goldawyna aç-açan garşy çykýan Slowakiýanyň premýer-ministri Robert Fiko we Ýewropa Bileleşigine goşulmak isleýän, emma Moskwa eden sapary sebäpli bu ymtylmalarynyň togtap biljekdigine hem garamazdan gelen Serbiýanyň prezidenti Aleksandar Wuçiç hem bar. Mundan öň, bu çärelere Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem gatnaşjakdygy habar berilipdi.
Kreml Putiniň bu liderler bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirjekdigini mälim etdi.
Ukraina bu ýaraşygy resmi taýdan makullamady we Putiniň bu karary diňe urşy bes etmek isleýändigi boýunça, göz üçin täsir galdyrmak maksady bilen yglan edendigini aýtdy.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 7-nji maýdaky agşamky wideo ýüzlenmesinde, mundan bir gün ozalky amala aşyrylan adam pidaly hüjümlerden soň, tutuş ýurt boýunça howa hüjümleri bilen bagly duýduryşlaryň bolandygyny aýtdy.
Zelenski, şeýle hem, Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewralynda başlan doly gerimli urşunda 30 günlük ýaraşygyň ýerine ýetirilmegi baradaky teklibiniň öz güýjünde galýandygyny aýtdy.
Onuň sözlerine görä, Russiýa bu teklibe diňe täze zarbalar bilen jogap gaýtardy.
ABŞ bu 30 günlük ýaraşygy mart aýynda teklip etdi we Ukraina muňa razy boldy. Russiýa bolsa, beýle çäräniň diňe ony üpjün etmek we ýerine ýetirmek üçin mehanizmleri döredilenden soň kabul edilip bilinjekdigini aýtdy.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Ikinji Jahan urşundan bäri Ýewropadaky iň uly çaknyşyk bolup durýan bu urşy tiz wagtyň içinde tamamlamak boýunça, iki tarapa hem basyş edýär.