Kreml Ukraina boýunça ýaraşyk şertnamasynyň jikme-jikliklerine garaşýandygyny aýdýar

ABŞ-nyň we Ukrainanyň delegasiýalary Saud Arabystanynyň Jidde şäherinde gepleşik geçirdi.

Russiýa, ukrain we ABŞ wekilleri tarapyndan yglan edilen ýaraşyk şertnamasyna seresaplylyk bilen jogap berdi we ýakyn günlerde prezident Wladimir Putin bilen Donald Trampyň arasynda bolup biljek telefon söhbetdeşligini aradan aýyrmady.

Ylalaşyk yglan edilenden bir gün soň, Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow 12-nji martda eden çykyşynda rus resmileriniň bu habary “üns bilen öwrenýändiklerini”, ýöne bu barada has köp beýanat etmezden ozal ABŞ wekillerinden has jikme-jik maglumatyň gelmegine garaşýandyklaryny aýtdy.

Bu aralykda, Moskwanyň köçelerinde reaksiýalar dürli-dürli bolup, bir adam “duşman gowşansoň, ýaraşyga razy bolmak düýbünden ýerliksiz we nädogry” diýdi.

Emma beýlekiler bu habary gowy garşy aldylar. “Biz adamlaryň heläk bolmagyny togtatmak üçin munuň gysga wagtda tamamlanmagyny isleýäris. Şeýdip, eýýäm köp adam öldi” diýip, rus paýtagtynda bir aýal aýtdy.

11-nji martda Saud Arabystanynyň Jidde şäherinde geçirilen gepleşiklerde Kiýew ABŞ ýardamlarynyň, şol sanda aňtaw maglumatlarynyň paýlaşylmagynyň öwezine Russiýa bilen arada 30 gün möhlet bilen ýaraşyga razy boldy.