Jo Baýden: Putine Ukraina dolulygyna gerek, diňe bir bölegi däl

ABŞ-nyň öňki prezidenti Jo Baýden

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Ukrainany Russiýanyň bir bölegi hökmünde görýär, ol mümkin parahatçylyk ylalaşygynyň çäklerinde Ukrainanyň diňe käbir böleklerini elinde saklamagy bilen kanagatlanmaz. Bu barada ABŞ-nyň öňki prezidenti Jo Baýden BBC News bilen geçiren söhbetdeşliginde aýtdy. Bu onuň Ak Tamdan gitmeginden soň beren ilkinji interwýusy boldy.

Baýdeniň pikiriçe, Putin SSSR döwründe bolan täsirini täzeden dikeltmäge synanyşýar.

“Putin Sowet Soýuzynyň dargandygy baradaky fakty... kabul edip bilmeýär. Eger kimdir biri onuň saklanjakdygyny pikir edýän bolsa, ol samsykdyr” diýip, Baýden aýtdy.

Şeýle hem Baýden ABŞ bilen Ýewropanyň arasyndaky gatnaşyklarynyň prezident Donald Trampyň döwründe ýaramazlaşmagyna alada bildirdi. Onuň pikiriçe, şeýle ýagdaýlar tutuş dünýä taryhynyň ugruny üýtgedip biler.