Iki Amerikany bölýän we iki ummany birleşdirýän Panama kanaly nähili guruldy

Aýallar 1900-nji ýyllaryň başynda Panama kanalynyň gurluşygyna seredýärler.

XIX asyryň ahyrynda Fransiýanyň Panamanyň üsti bilen kanal gurmak synanyşygy nädip şowsuz gutardy we amerikan hünärmenleri abraýly taslamany gurmak üçin, kada laýyk bolmadyk nähili çözgütlere ýüzlendiler?

"Biz ony satyn aldyk, biz onuň üçin töledik, biz ony gurduk, biz indi ony saklamak isleýäris."

Bu ABŞ-nyň prezidentligine kandidat bolan Ronald Reýganyň beýanatydy. Ol Panama kanaly barada aýdypdy. Bu 1976-njy ýylyň martynda bolupdy.

Emma eýýäm 1977-nji ýylda prezident Jimmi Karter möhüm suw ýolunyň kontrollygynyň Panama geçirilmegi barada şertnama gol çekdi. Ýarym asyrdan soň ýene-de kanalyň eýesi bolmak meselesi gün tertibine geldi: ABŞ-nyň täze prezidenti Donald Tramp bu kanalyň dolanyşygyna ünsi çekip, Hytaýyň ony "iş ýüzünde ele geçirendigini" aýtdy.

Panama kanalyndan geçýän gämiler. 2022-nji ýylyň dekabry

Kanal häzirki wagtda Panama tarapyndan dolandyrylýar. Emma meşhur gämi ýolundaky kitabyň awtory Mettýu Parker onuň Hytaý tarapyndan dolandyrylýandygyny aýdýar: "Hytaý kompaniýalary Panama kanalynyň iki tarapyndaky portlarda aksiýalaryň şertnamalaryna eýeçilik edýärler” diýip ýazýar. Onuň sözüne görä, bu örän giň gerimli meýilnamanyň bir bölegi bolup, şoňa laýyklykda Pekin bütin dünýäde, “halkara deňiz infrastrukturasyna bolan isleglerini artdyryp”, şol sanda Birleşen Ştatlaryň günortasynda hem "öz bähbitlerini giňeldýär".

Trampyň tassyklamagyna görä, ABŞ kanalyň gurluşygyny alyp baranda, "gyzzyrma sebäpli 38 müň adam" heläk bolupdyr. Bu kanalyň gurluşygynda başga bir ýurduň çeken pidasy ünsden düşürýär diýip, Parker belleýär.

Fransuz işçileri Panamanyň içinden geçjek kanalyň düýbüni tutýarlar, 1886-njy ýyl.

Asyrlar boýy deňizçiler Günorta Amerikanyň daşyndan aýlanýan kyn ýoluň başga usulyny tapmak üçin, Panamanyň üstünden, Ýuwaş we Atlantik okeanlaryny birleşdirjek gysga ýoly gözläp geldiler. 1881-nji ýylda özleriniň guran Suez kanalynyň üstünligi bilen ruhlanan fransuz diplomaty Ferdinand de Lesseps Panamada kanal gurmak işine resmi taýdan girişdi. Bu ýol Amerikanyň gündogar we günbatar kenarlarynyň arasyndaky deňiz ýoluny 60% gysgaltmalydy.

Fransiýanyň diplomaty Ferdinand de Lesseps Müsüriň üsti bilen örän girdejili Suez kanalynyň arkasynda durdy.

De Lesseps bu proýekt üçin, milliard dollara deň pul toplady. Puluň käbir bölegi žurnalistlere we syýasatçylara harçlanyp, jemgyýetçilik goldawyny gazanmaga we maýa goýujylary höweslendirmäge ýardam üçin sarp edildi. Emma fransuzlaryň Panamanyň üsti bilen deňiz derejesindäki kanal gazmak maksady ilkibaşdan şowsuzlyga uçrady.

Fransuzlaryň Panama kanalyny gazmak synanyşygyny görkezýän seýrek suratlaryň biri, 1880-nji ýyllar

Işçiler garyplygyň, syýasy durnuksyzlygyň we keselçiligiň höküm sürýän tropiki zolagyna düşdüler. Şol döwürlerde keseller syrly "bugarma" arkaly ýaýraýar diýen düşünje bardy. Hakyky “günäkärleriň” gelenlere hüjüm edýän çybynlardygy şol wagtlar belli däldi.

Işiň gyzgalaňly wagty her gün 40-a golaý işçi ölýärdi, olaryň köpüsi sary gyzzyrma ýa-da ysytma keselinden heläk bolýardy.

Taşlanan fransuz enjamlary

Hünäri bolmadyk işçiler, esasan, Karib adalaryndan işe alynýardy.

Fransuz proýektiniň adam ýitgileri gurluşygyň baş inženeri Juýl Dingleriň başyndan indi. Ol öz maşgalasyny Panama getiripdi. Gyzy, gyzynyň nikalaşmaly ýigidi we ogly keselçilikden yzly-yzyna öldi.

"Biz kanaly ýeke-täk işimiz edip, ýaşaýşa baglanýarys" diýip, inžener çagalaryny ýitirenden soň ýazdy.

Aýaly hem sary gyzzyrma keseline ýolugyp aradan çykanda, Dingler maýyp adam hökmünde Fransiýa dolandy.

Fransuz taslamasynyň şowsuzlygyndan soň, Panamadaky jeňňele taşlanan lokomotiwler

1889-njy ýylda fransuz kanal gurujy kompaniýasy ahyrsoňy bergä batanda, ýüz müňlerçe maýa goýujylar pullaryny ýitirdiler. Taryhda iň iri ykdysady galmagal ýüze çykdy. Fransuzlar ummasyz köp enjamlary we 20 müňe ýakyn işçini ýitirip, bu ýerden çekildiler.

ABŞ-nyň Prezidenti Teodor Ruzwelt

Panamadaky fransuz tozgunçylygyndan on ýyl soň, ABŞ-nyň prezidenti wezipesini Teodor Ruzwelt eýeledi. ABŞ-nyň deňizlerde ykdysady we harby taýdan agalyk etmelidigine ymtylýan 26-njy prezident Fransiýanyň taşlan ideýalaryny dowam etdirmegi öňe sürdi.

1900-nji ýyllaryň başynda Panamanyň bir köçesi

Kolumbiýanyň bir welaýaty bolan Panama baradaky ABŞ-nyň gepleşikleri 1903-nji ýylda petige diredi. 1903-nji ýylda ABŞ tarapyndan goldanýan Panamanyň güýçleri rewolýusiýa gurnap, Kolumbiýadan aýrylyşýandygyny yglan etdiler. Kenar ýakasynda amerikan ýaragly gämileri peýda boldy. Waşington täze ýurdy dessine ykrar etdi. Soňra Panamanyň territoriýasyndan kanalyň gurluşygy barada ylalaşyk baglaşyldy.

Gatunda şlýuzlaryň – iki ýany derwezeli bentleriň gurluşygy, takmynan 1910-njy ýyl

Eger-de fransuzlar bir kenardan beýleki kenara ýeri gazyp, deňiz derejesinde suw ýoluny geçirmek islän bolsalar, amerikan inženerleri Panamanyň Çagres derýasynyň akymyny bentläp, orta merkezi suwa çümdürip, onuň üstünden geçmek kararyna geldiler.

XX asyryň başynda Panama kanalynyň ýolunyň illýustrasiýasy

Kabul edilen meýilnama laýyklykda, birnäçe şlýuzlardan – derwezeli bentlerden ybarat bolan emeli kölüň döredilmegi göz öňünde tutuldy. Ol şlýuzlardaky suw gämileri okean derejesinden, 26 metr beýiklikde bolan emeli kölüň derejesine göterýär.

Panamada bir işçi çybynlara garşy derman sepýär.

Işçi toparlary Panama gelende, alymlar keselleri çybynlaryň ýaýradýandygyny anyklapdylar. Amerikalylar işiň geçýän çäginde, çybynlary düýpli ýok etmek üçin, uly tagalla etdiler. Bir inženeriň aýtmagyna görä, her bir çybyny öldürmek üçin, ABŞ-nyň salgyt töleýjileriniň 10 dollary harç bolandyr.

Partlaýjy serişdeleri goýýan topar

ABŞ-nyň bu tagallalaryna gurluşyk taslamasynyň ýolbaşçylary tarapyndan hem ak pata berildi we işçi toparlaryna hormat goýuldy. Tejribesiz garaýagyz işçileriň, esasan hem Barbadosdan gelenler bilen akýagyz amerikalylaryň arasynda jynsy aýry tutmak bardy. Emma bir synçy, umuman, erkeklere "haýwanlar ýaly däl-de, adam şekilli garalýandygyny" mälim etdi.

Häli-şindi ýer süýşmeler sebäpli kanalyň agyr düşýän, kyn bölegi bolan Kulebra-Kat sebitinde barýan işler

Ýolbaşçylar işçileriň ruhuny güýçlendirmäge çalyşdylar: gurluşyk meýdançasynda gazet çap edildi, beýsbol boýunça ýaryşlar geçirildi. Muňa jogap edip, işgärler hem tagalla etdiler.

ABŞ bu taslamanyň üstünde işlän on ýylyň içinde, 5 müň 800-e golaý işçi ýogaldy.

Gurulýan şlýuzlaryň biriniň içinde duran adam

Panamanyň çylşyrymly daglyk şertlerinde gurluşyk işleriniň dowam etmegi bilen birlikde, ölüm hem barýardy. Işçileriň köpüsi topragyň süýşmeginden, käbirleri bolsa dinamit partlamasyndan ölýärdi. «Adam teniniň bölekleri edil guş kimin, birnäçe günläp howada uçdy» diýip, bir işçi ýatlapdy.

Şlýuz derwezesiniň gurluşygy

Işler býujetiň çäginde hem bellenen möhletden öň amala aşyryldy. 1913-nji ýylyň güýzünde ABŞ-yň prezidenti Wudrow Wilson Waşingtonda öz iş stolunyň üstünde goýlan düwmäni basdy. Yşarat telegraf arkaly Panama gitdi. Bu bolsa Amerikanyň paýtagtyndan 3300 kilometr uzaklykdaky bentde goýlan partlaýjy maddalaryň ýarylmagyna sebäp boldy.

Suw kanalyň hanasyna dolup başlanynda, New York Times gazeti "asyrlar boýy dowam eden arzuw hakykata öwrüldi" diýip habar berdi.

1914-nji ýylyň 15-nji awgustynda Panama kanalyndan ilkinji bolup, Ankon SS gämisi geçdi.

Kanal resmi taýdan 1914-nji ýylyň 15-nji awgustynda açyldy. Ýöne dünýäniň ähli metbugatyň ünsi Ýewropada bolup, konfliktleriň möwç almagy sebäpli Birinji Jahan urşy ady bilen taryha giren heläkçilige gönügipdi.

Panama kanalynyň zonasynda, protestçilere garşy göz ýaşardyjy gaz ulanylandan soň ABŞ-nyň goşuny, 1964-nji ýylyň 12-nji ýanwary

Onlarça ýyl ulanyşdan soň, dünýä söwdasyny üýtgeden kanalyň ABŞ-nyň gözegçiligi astyndaky zonasynda ýaşaýan we ýokary aýlyk alýan amerikalylaryň we panamalylaryň arasynda, dartgynlyk güýçlenip başlandy.

1964-nji ýylyň ýanwar aýynda özara duşmançylyk güýç ulanmaga baryp ýetdi: iki toparyň arasyndaky çaknyşygyň barşynda, Panamanyň baýdagy ýyrtyldy.

1977-nji ýylyň sentýabrynda Waşingtonda geçirilen protest. Oňa gatnaşyjylar Panama kanalynyň gözegçiliginiň elden berilmegine garşy çykýarlar.

1964-nji ýylda bolan waka Waşingtonda kanaly Panama geçirmek barada çagyryşlary has-da güýçlendirdi. Jedelli mesele prezident Jimmi Karteriň karary netijesinde, suw ýoly Merkezi Amerika ýurduna geçirildi. Bu 1999-njy ýylyň 31-nji dekabrynda amal boldy.

Panama kanalynyň şlýuzyndaky işçiler, 2024-nji ýylyň oktýabry

Kanalyň taryhy barada kitap ýazan taryhçy Juli Grin Azatlyk Radiosyna ABŞ-nyň bu wagtda kanalyň kontrollygyny yzyna almak üçin eden islendik synanyşygynyň çaknyşyga getirjekdigini aýtdy. «Panama kanaly ABŞ-nyň Panama garşy doly göwrümli çaknyşygy bolmazdan, gaýdyp geljegini göz öňüne getirmek maňa kyn» diýip, ol aýdýar.