Hytaý, Hindistan we Russiýa diplomatik žestler bilen 'Talibanyň göwnüni awlaýar'

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 2024-nji ýylyň oktýabrynda Russiýada saparda bolýan 'Talibanyň' daşary işler ministri Amir Han Muttaki bilen duşuşýar.

Owganystanyň 'Taliban' dolandyryjylary 2021-nji ýylda häkimiýeti ele geçireli bäri daşary ýurt döwletleriniň hökümetleri tarapyndan ret edilýärler, ýöne olar golaýda halkara gatnaşyklaryny ösdürmek tagallalarynyň çäklerinde käbir ullakan utuşlary gazandylar.

Şu hepde, Hindistanyň ýörite wekili Anand Prakaş ýokary derejeli 'Taliban' liderleri bilen Kabulda gepleşikler geçirip, söwda-syýasy gatnaşyklary ösdürmegiň ugurlaryny maslahat etdi.

Bu gepleşikler özbek daşary işler ministri Bahtiýor Saidowyň trans-owgan demir ýol geçelgesini ara alyp maslahatlaşmak üçin, “Taliban” wekiliýetini Daşkentde kabul etmeginiň yz ýany bolup geçdi.

Geçen hepdede Russiýa 'Taliban' toparyny özüniň terror guramalary hökmünde kesgitlän guramalarynyň sanawyndan çykardy we Kabula we Moskwa ilçileriň bellenilmegi babatynda ylalaşdy. Bu 'Taliban' üçin iň uly utuş boldy.

'Taliban' režimini heniz hiç kim ykrar etmedi. Jeňçi dolandyryjylar adam hukuklarynyň, hususan-da aýal-gyzlaryň hukuklarynyň giň ýaýran bozulmalary boýunça berk tankytlara uçraýarlar.

Ýöne ýagdaýlar ahyrky maksada, halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmäge tarap barýar.

"Iri döwletler terror guramasyny ykrar etmekde öz aralarynda bäsleşip başladylar diýen pikir-düşünjeler barha ýaýbaňlanyp barýar" diýip, owgan syýasy analitigi Fahim Kuhdomani Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň “Häzirki zaman” teleýaýlymyna aýtdy.

Hytaý 2024-nji ýylyň ýanwarynda 'Talibanyň' bellän ilçisini kabul eden ilkinji ýurt boldy. Ol özüniň Ýol-guşak başlangyjynyň çäklerinde infrastruktura we maýa goýum taslamalary boýunça gepleşikleri ýuwaş-ýuwaşdan öňe alyp barýar.

Ýüzi örtülen manekenler. “Talybanyň” häkimiýeti astynda, ýurtda girizilen aýratyn düzgün

Russiýa Owganystanda näme isleýär?

Russiýa hem Owganystan bilen, hususan-da dag magdanlary we energetika pudagynda ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirip gelýär. Ol, aslynda, “Taliban” Owganystanda häkimiýeti ele geçirenden soňra, Kabulda öz ilçihanasyny, diňe onuň adyny üýtgetmek arkaly, açyk saklap galdy.

"Rus aňtaw gulluklary 'Taliban' komandirleri bilen aragatnaşygy asla bes etmedi" diýip, Kuhdomani aýdýar.

Howpsuzlyk barada aýdylanda, Russiýanyň baş maksady 2024-nji ýylyň martynda Krokus şäher zalynda bolan gandöküşikli hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alan “Yslam döwleti – Horasan” toparyna garşy göreşmek bolup durýar.

Düýbi Delide ýerleşýän "Synçy gözeg-barlag gaznasynyň" ylmy-barlagçysy Alekseý Zaharow Russiýanyň Owganystanda ykdysady bähbitlere ymtylýandygyny aýdýar.

"Rus we Taliban wekilleriniň 2025-nji ýylyň maý aýynda geçiriljek KazanForum [ykdysady forumynda] 50 million kub metr LPG (suwuklandyrylan gazy) geçirmek boýunça ylalaşyga gol çekmeklerine garaşylýar" diýip, ol 28-nji aprelde ýazdy.

Bu, günorta we günorta-gündogar Aziýadaky bazarlara gönükdiriler.

"Ýöne, Owganystandan geçýän ugruň kuwwatlylygy hem-de howpsuzlyk meseleleri, soňy bilen, şertnamanyň durmuşa geçirilmegini bökdäp biler" diýip, Zaharow sözüniň üstüni ýetirýär.

Ýokarda agzalan demir ýol taslamasy babatynda hem birmeňzeş meseleler gün tertibine gelip biler. Bu demir ýol taslamasy Russiýadan, Özbegistanyň hem-de Owganystanyň üsti bilen, Pakistana üstaşyr geçelge gurmaklygy göz öňünde tutýar.

Hindistan – Pakistan dartgynlyklary

'Taliban' bilen günorta goňşular arasynda gatnaşyklar gysylýar, Yslamabat 'Talibany' 'Tehrik-e Taliban Pakistan' jeňçilerini penalamakda aýyplaýar. Ol 27-nji aprelde öz goşunlarynyň serhetden "geçmäge çalyşýan" 54 söweşijini öldürendigini aýtdy.

Pakistan soňky hepdelerde, terrorçylyk we neşe gaçaklygy bilen ilteşikli bolmakda aýyplap, 100 müň çemesi owgan bosgunyny deport etdi.

Bu dartgynlyklar Hindistanyň ['Taliban' bilen] ýyly gatnaşyklary ýola goýmak synanyşyklaryna howpsuzlyk dinamikasyny goşdy, sebäbi, Hindistan 22-nji aprelde Kaşmirde bolup geçen gandöküşikli jeňçi hüjüminiň yz ýany, Pakistan bilen ýüzleşýär.

"Hindistan 'Taliban' bilen Owganystanyň arasynda agyp-dönüp duran gatnaşyklara ýakyndan esewan edýär" diýip, Wiskonsin uniwersitetiniň global gatnaşyklar boýunça lektory Najib Azad 29-njy aprelde Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

"Ol boşlugy dolduryp, Pakistanyň 'Talibanyň' içine aralaşdyran Hindistana garşy duýgy-düşünjeleriň täsirini azaltmaga çalyşýar" diýip, 'Talibandan' öňki owgan hökümetiniň metbugat sekretary bolan Azad sözüniň üstüni ýetirdi.

Degişli maglumat Pakistandan deportasiýa edilen owganlar mekdep, iş we başpena gözleýär

Günbatar ýurtlary 'Taliban' bilen gepleşýärmi?

Günbatar güýçleri 2021-nji ýylda öz güýçleriniň çekilmeginden soňra, özüni 'Talibandan' çetde tutmakda berk durup gelýär. Şeýle-de, olar 'Talibanyň' hukuk kemsitmeleri babatynda hem iň berk tankytçylar bolup gelýär.

Ýöne olarda-da gymyldy-hereket bar.

Britan hökümeti mart aýynda Katardaky ilçihanasy arkaly özüniň 'Taliban' resmileri bilen "çäkli we pragmatik" gatnaşyklara ymtylmak syýasatyny alyp barýandygyny aýtdy.

Germaniýanyň kansleri boljak Fredrih Merz owganlaryň deport edilmegine ýol açmak üçin, "Taliban" bilen göni gepleşikleriň geçirilmegine çagyryş etdi. Hristian demokratlaryň daşary syýasat boýunça metbugat sekretary Ýurgen Hardt (Juergen Hardt) fewral aýynda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda "dogrusy aýdylanda, olar häkimiýet başynda" diýdi.

"Bu ýerde ykrar etmek meselesi hem bar" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

"Meniň pikirimçe, mundan baş alyp çykmakda Ýewropa Bileleşiginiň umumy pozisiýasy bolmaly. Entek däl, ýöne, megerem, belli-belli şertler astynda" diýip, ol belledi.

ABŞ resmileri bireýýäm göni gepleşikler geçirdiler. Olar geçen aýda ol ýerde saklanýan amerikanlaryň boşadylmagyny gazanmak maksady bilen, Kabulda boldular. Munuň öwezine, Waşington Hakkani toparynyň, şol sanda 'Talibanyň' içeri işler ministriniň ele salynmagyna eltip biljek maglumatlar boýunça teklip edilen baýraklary ýatyrdy.

"Moskwanyň 'Talibany' terror sanawyndan çykarmak boýunça kabul eden ahyrky karary Waşingtonyň degişli pul baýraklaryny ýatyrmagyndan soňra bolup geçýäne meňzeýär" diýip, owgan syýasy analitigi Fahim Kuhdomani aýdýar.

Iki amerikaly boşadyldy. Ýöne entek ýol uzak. Olaryň birnäçesi heniz-de tussag astynda, şeýle-de Birleşen Ştatlar heniz-de 'Taliban' we Hakkani toparlaryny terror guramalarynyň sanawynda saklap galýar.

'Taliban' üçin howp

Öňki metbugat sekretar Najib Azad bir topar ýurtlar bilen has oňat gatnaşyk açmaga çalyşýan 'Taliban' üçin-de käbir töwekgelçilikleriň bolandygyny aýdýar.

"Global we sebit güýçleriniň öz aralaryndaky garşydaşlykda Owganystandan, soňky elli ýyl bäri bolşy ýaly, söweş meýdany hökmünde peýdalanmaklaryna rugsat bermekde töwekgelçilik bar" diýip, Azad aýdýar.

"Talibanyň bu güýçler bilen deňagramly syýasy pozisiýa saklamakdaky başarnyksyzlygy nazarda tutulanda, olar sebitde ýene bir gezek gaýtalanýan durnuksyzlygyň katalisti bolmak töwekgelçiligine eýe bolýarlar" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.