29-njy aprelde giçlik Russiýanyň Ukrainanyň Harhiw şäherine garşy amala aşyran dron hüjümleri netijesinde şäheriň dürli ýerlerinde 40-dan gowrak ýaşaýjy ýaralandy. Bu barada oblast prokuraturasy maglumat berdi.
Russiýanyň atan “Şahed” kysymly dronlary ýaşaýyş jaýlaryna, kärhanalara we şäherdäki iki hassahana zeper ýetirdi.
Şol bir wagtda, Russiýa tarapyndan Dnipro şäherine hem dron hüjümi amala aşyryldy. Dnipropetrowsk oblastynyň häkimi Serhiý Lysakyň maglumatyna görä, bir adam heläk bolup, ýene biri ýaralandy. Şäherde ýangyn döredi, hususy jaýlara we senagat kärhanasyna zeper ýetdi.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Donesk oblastyndaky Dobropolýe şäherine hem zarba urlandygyny aýtdy. Ol ýerde kömür käniniň binasyna zeper ýetip, bir adam ýaralandy.