Hamas zamun alnan ABŞ-nyň raýatyny azat etjekdigini aýdýar

Israel Palestinians Hostage Family

ABŞ we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan terroristiki gurama hökmünde ykrar edilen Palestinanyň radikal Hamas topary 7-nji oktýabrda Ysraýla guran hüjüminden soň ýesir alnan we häzirki wagta çenli Gazada saklanýan ABŞ-nyň hem-de Ysraýlyň raýaty Idan Aleksandery azat etjekdigini mälim etdi.

Aleksander – Ysraýlyň harby güýçleriniň gullukçysydyr. Hamasyň beýanatynda aýdylmagyna görä, onuň azat edilmegi Ysraýyl bilen ok atyşlygy bes etmek we Gazada ynsanperwer kömek üçin giriş mümkinçiligini üpjün etmek ugrunda görülýän tagallalaryň çäginde amala aşyrylar. Şeýle hem beýanatda onuň azat edilmegine Kataryň, Türkiýäniň we Müsüriň goldaw berendigi nygtalýar.

Aleksanderiň anyk haçan azat ediljekdigi aýdylmaýar. ABŞ-nyň ýörite wekili Adam Boýler toparyň bu kararyny öňe tarap ädim hökmünde häsiýetlendirdi we Hamasyň zamunlygynda heläk bolandygy çaklanylýan dört amerikalynyň jesetlerini hem yzyna gaýtarmaga çagyrdy.

Aleksander häzirki wagtda Hamasyň ýesirligindäki diri galan amerikan zamunlarynyň iň soňkusy hasaplanýar. Soňky maglumatlara görä, Hamasyň elinde saklanýan 59 ýesiriň arasynda diri galanlaryň sany azyndan 22 adamdan ybarat.