Fransiýanyň prezident edarasy şu gün, 5-nji maýda Parižde Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň geçiriljekdigini habar berýär, emma gepleşikleriň anyk näme hakynda boljakdygy, duşuşygyň gün tertibi barada anyk maglumat berilmeýär.
Ýokary derejeli türkmen resmisiniň ýewropa ýurduna amala aşyrýan seýrek saparynyň resmi sapardygy ýa-da iş saparydygy hem belli däl.
Russiýanyň Ukrainada alyp barýan urşunyň fonunde, ÝB Merkezi Aziýa ýurtlary, şol sanda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny has tijemäge çalyşýar. Bu hususan-da türkmen gazynyň ýewropa bazarlaryna çykarylmagy baradaky gürrüňleriň barha janlanmagyndan görünýär.
Türkmen metbugaty uly Berdimuhamedowyň geçen aýyň aýagynda Germaniýanyň federal prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer bilen telefonda gürleşip, ony özi üçin amatly islendik wagtda Türkmenistana resmi sapara gelmäge çagyrandygyny habar berdi.
Habarda bellenmegine görä, türkmen tarapy Germaniýa “BASF”, ‘MAN”, “Deutsche Bahn”, “Siemens”, “Knauf” ýaly kompaniýalar bilen hyzmtdaşlygy giňeltmegi teklip edýär.
Uly Berdimuhamedowyň Fransiýa edýän sapary prezident Serdar Berdimuhamedowyň Balkan sebitine amala aşyran saparynyň yz ýanyna gabat geldi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.