ABŞ-nyň 72 senatory, parahatçylyk gepleşiklerinden ýüz öwren ýagdaýynda, Russiýa garşy berk sanksiýalary girizmek baradaky kanun taslamasyny goldady diýip, bu başlangyjyň awtorlarynyň biri, respublikan Lindsi Graham aýtdy. “Bloomberg” bu habary onuň sözlerine salgylanyp çap etdi.
Graham bu kanun taslamasyny "weýran ediji" diýip atlandyrdy. Ol, hususan-da Russiýadan nebit, nebit önümlerini, tebigy gaz ýa-da uran import edýän ýurtlara 500 göterim tarif girizmegiň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.
Mundan başga, amerikan banklarynyň rus hökümeti bilen baglanyşykly gurluşlara maýa ýatyrmagyny, ABŞ raýatlarynyň rus döwlet obligasiýalaryny satyn almaklaryny gadagan etmek teklip edilýär.
Lindsi Graham "Maksat prezidente kömek etmekden ybarat" diýdi. Onuň sözlerine görä, eger-de Wladimir Putin "Trampy oýnamaga" synanyşsa, örän uly ýalňyşlyk goýberer we şu sebäpden bu kanun taslamasy ABŞ-nyň prezidentiniň "arsenalyndaky gural" bolmaly.