Forbes: Tramp girizen gümrük paçlary sebäpli $500 million ýitirdi

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň girizen täze gümrük paçlary sebäpli, onuň şahsy baýlygy 500 million dollar azaldy. Bu barada Forbes neşiri habar berýär.

Trampyň emläkleriniň bahasy 4,7 milliard dollardan 4,2 milliard dollara düşdi. Bu oňa degişli kompaniýalaryň paýnamalarynyň bahasynyň pese gaçmagy bilen baglanyşyklydyr.

Maglumata görä, Trampyň iň gymmatly aktiwleriniň biri bolan "Trump Media and Technology Group" kompaniýasynyň bahasy soňky üç söwda gününiň dowamynda 8% pese gaçdy we oktýabrdan bäri iň pes derejesine ýetdi.

Şeýle hem, Trampyň kommersiýa emläk bukjasynyň bahasy öňki 660 million dollardan 570 million dollara çenli azaldy. Mundan başga-da, kriptowalýutalaryň bahasynyň pese gaçmagy sebäpli hem, Tramp maliýe ýitgilerine sezewar boldy. Forbes neşiriniň maglumatyna görä, onuň bu aktiwleri azyndan 240 million dollar gymmatyny ýitirdi.

2-nji aprelde Tramp ABŞ-nyň köp sanly söwda hyzmatdaşlaryna garşy täze gümrük paçlarynyň girizilýändigini yglan etdi. Tramp bu çäreleri ABŞ-nyň söwda balansyndaky ýetmezçiligi azaltmak we önümçiligi ýurda gaýtaryp getirmek maksady bilen esaslandyrdy. Emma, köp ykdysadyýetçiler bu paçlaryň ykdysady gatnaşyklaryň bozulmagyna, inflýasiýanyň ýokarlanmagyna we mümkin bolan ykdysady pese gaçyşa sebäp bolup biljekdigini öňe sürýärler.