Eýranyň kazyýet ulgamy Mohsen Langarneşiniň ölüm jezasynyň 30-njy aprelde, irden ýerine ýetirilendigini habar berdi. Ol Ysraýylyň peýdasyna içalyçylyk etmekde we Yslam rewolýusiýasynyň goragçylar korpusynyň 2022-nji ýylda öldürilen polkowniginiň ölümine dahylly bolmakda aýyplandy.
Eýranyň kazyýet ulgamy Langarneşini Ysraýylyň "ýokary derejeli içalysy" hökmünde häsiýetlendirdi we, hamala, onuň " Mossadyň Eýranda geçiren birnäçe operasiýasyny goldandygyny" aýtdy.
Eýranyň “Mizan” habar gullugy Langarneşiniň Ysraýylyň Mossad aňtaw gullugy bilen 2020-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri hyzmatdaşlyk edendigini öňe sürdi.
2022-nji ýylyň maý aýynda Yslam rewolýusiýasynyň goragçylar korpusynyň polkownigi Hasan Saýýad Hodaýiň janyna kast edilmegine gatnaşmak aýyplamasyndan başga, Langarneşini 2023-nji ýylyň ýanwarynda Isfahandaky harby zawoda edilen pilotsyz uçar hüjümine hem gatnaşmakda aýyplandy.