Eksklýuziw: Ukrainada rus esgeri söweş meýdanynda ýesir öldürmekde aýyplanyp, sud edilýär

Photo collage of accused Russian soldier Dmitry Kurashov and some photos of the executions of Ukrainian prisoners of war.

2024-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda ir bilen rus söweşijileriniň bir topary Ukrainanyň gündogaryndaky Zaporižýa sebitindäki Smile obasyndan çykyp, "Pingwin" çagyryş belgisi bilen tanalýan Witaliý Hodnýugyň we beýleki ukrain esgerleriniň ýerleşýän ýerine hüjüm etdi.

Soňky gazaply söweşde rus topary bu pozisiýany wagtlaýyn ele geçirmegi başardy, emma soň ukrain hüjüminde yza kowuldy.

"Biz olara takmynan 5-7 metr uzaklykda ýakynlaşdyk, olar boýun egýändikleri barada gygyryp başladylar. Gazuwdan çykmaga rugsat berdik" - diýip, ukrain hüjüm toparynyň düzümine girýän kiçi seržant Oleksandr Deniženko Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň Krym.realii bölümine gürrüň berdi.

Hut şu ýesir alyşlyk wagtynda Deniženko söweşde öldürilen iki ýoldaşynyň jesedini gördi, olaryň biri Hodnýukdy.

"Olaryň ýanynda ýarag ýokdy, bu bir zat. Olar tebigy däl bir ýagdaýda ýatyrdy. Mysal üçin, söweşde öldürilen beýleki adamlaryň ellerinde pulemýot, ok-däri we beýleki ýaraglar bolýar" diýip ukrain harbysy gürrüň berýär.

Russiýanyň Ukrainada doly derejeli harby hüjüme başlaly bäri üç ýylyň geçmegi bilen, Hodnýukyň öldürilmegi bilen baglanyşykly ýagdaý Ukrainada geçirilýän öň görlüp-eşidilmedik sud işiniň merkezinde durýar.

Ukrain derňewçileriniň 2024-nji ýylyň ýanwarynda rus esgeri tarapyndan jezalandyrylandygyny aýdýan ukrain esgeri Witaliý Hodnýuk.

2022-nji ýylyň fewral aýynda başlanan çozuşdan bäri, ukrain prokurorlary rus esgerlerini ukrain uruş ýesirlerini jezalandyrmakda aýyplaýan 212 sany işi açdy. Emma şu wagta çenli bu jenaýatda şübhelenýänleriň hiç biri jeza çekmedi.

Indi, geçen ýylyň ýanwar aýynda dumanly säherde Deniženkonyň batalýonyna tabyn bolan rus söweşijilerinden biri esger Dmitriý Kuraşow, gündogar Zaporižýa regionynda sud edilýär we gabawa düşen Hodnýugy oka tutmakda we öldürmekde aýyplanyp, Ženewa konwensiýasynyň ýesirler hakyndaky düzgünlerini bozmakda günälenýär.

26 ýaşly Kuraşow türmeden boşadylmagy üçin Kremliň Ukrainada alyp barýan uruşunda söweşmäge razy bolan tussaglardan ybarat "Ştorm-V" toparynyň düzümine girdi. Ol başda suduň aýyplamalaryny ret etdi, ýöne soň günäsini boýun aldy, emma ol muny diňe sud işini tizleşdirmek we tussaglaryň alyş-çalşygyna goşulmak umydy bilen edendigini aýdýar.

Rus esgeri Dmitriý Kuraşow (ortada) Zaporižýa regionynda geçirilen sud jaýynda. Ol ukrain esgerini öldürmekde aýyplanyp, sud edilýär.

"Men muny etmedim. Muny dünýäden öten başga bir adam etdi. Men muny gutarmak üçin boýun alýaryn. Olar meni azatlykdan mahrum ederler, umyt edýärin, türme tussaglygyna höküm ederler, meni lagere ibererler we men uruş gutarýança ýa-da alyş-çalyş geçirilýänçä rahatlyk bilen garaşyp bilerin” diýip, Kuraşow aýtdy.

Hodnýuk "awtomatdan iki hatar atylyp, öldürildi, birinjisi öýkeninden, ikinjisi gorag keltekçesinden geçdi” diýip, Kuraşow aýtdy.

"Eger men atan bolsa, onuň tutuş kellesi çep tarapyndana ýarylardy. Men kellä atýaryn, bedene ok atamok" – diýip rus esgeri aýtdy.

Ukrainanyň prokurorlary Hodnýugy öldürmekde aýyplanýan Kuraşowyň esgeriň jezalandyrylan pursatynda özüniň degişli bolan rus bölüminde gulluk etmändigini belleýärler.

'Ýesir almaň’

Ukrainanyň prokurorlary, rus esgerleriniň ukrainalylary jezalandyrmagyna degişli ýagdaýlaryň has köpdügini çak edýärler, ýöne subutnamalary almagyň kyndygyny, sebäbi jenaýatyň bolan ýerlerine barmak mümkinçilikleriň gaty çäklidigini belleýärler.

Rus esgeri Kuraşow barada wideo arabaglanyşygy arkaly şaýatlyk edýär.

Muňa garamazdan, Kuraşowyň sud işinde onuň bilen bile tutulan üç rus esgeri öz gullukdaşyna garşy şaýatlyk edip, subutnama berdiler.

Bu şaýatlaryň biri, "Stalker" belgisi bilen tanalýan Kuraşowyň ukrain esgerine ellerini ýokary galdyrmagy talap edip, gygyrandygyny görendigini aýtdy. Ukrain esgeri muny edipdir, soň bolsa "dyza çöküp, awtomatyny zyňypdyr". "Soňra ýene ok atyldy” diýip, şaýat aýtdy.

“Ellerini ýokary galdyran bu adamy gördüm, ol aşak ýykyldy, bolany" – diýip, Kuraşowyň ýoldaş esgeri wideo baglanyşygy arkaly şaýatlyk etdi. "Stalker ony atdy, sebäbi men görýän ýerimden onuň ýeke özüni gördüm. Başga hiç kimi görmedim. Asla hiç kim ýokdy" diýip, rus esgeri aýtdy.

Hodnýugyň öldürilmegi bilen baglanyşykly wakalaryň şeýle bolandygyny beýleki şaýatlar, hem sudda, hem-de Krym.realii bilen söhbetdeşliklerde tassykladylar.

Ýokardan buýruk

Russiýa, subutnamalara garamazdan, öz esgerleriniň Ukrainada wagşyçylyk edýändigini inkär edýär.

Ukrainanyň Baş prokurorynyň uruş jenaýatlary boýunça bölüminiň başlygynyň orunbasary Taras Semkiw häkimiýetlerde rus serkerdeleriniň öz esgerlerine tutuş frontda ýesir alman, ukrain esgerlerini jezalandyrmak barada buýruk berýändiklerine "ynanmaga esaslarynyň" bardygyny aýtdy.

BMG-nyň Ukrainadaky adam hukuklaryna gözegçilik missiýasy rus goşunlary tarapyndan "ukrain esgerleriniň jezalandyrylmagynyň düýpgöter ýokarlanmagyna" geçen aýda alada bildirdi.

"2024-nji ýylyň awgust aýynyň ahyryndan bäri, missiýa 24 aýry hadysada şeýle jezalandyrylmalaryň 79 sanysyny hasaba aldy" - diýlip, beýanatda aýdylýar.

Şol bir wagtyň özünde Kuraşow suduň hökümine garaşýar. Ol günäli tapylsa, ömürlik türme tussaglygyna höküm ediler.

Hodnýuk öldürilenden soň ony birnäçe aýlap jaýlap bilmediler, sebäbi jesedi gyzgalaňly söweş meýdanyndan çykarylyp bilinmedi. Onuň jesedi 2024-nji ýylyň maý aýynda topraga berildi.

Ukrain esgeriniň öldürilen ýeri häzirki wagtda ruslaryň okupasiýasynda.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.