Ukrainanyň Dnepropetrowsk oblastynyň Samara raýonynda ýaşaýyş jaýyna rus dronynyň zarba urmagy netijesinde çagalar harabalyklaryň aşagynda galdy.
Ukrainanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça döwlet gullugynyň maglumatyna görä, ýerli ýaşaýjylar harabalyklaryň astyndan 12 ýaşly gyzy çykarmagy başardylar, emma ol hassahana äkidilýän wagty ýolda aradan çykdy. Onuň alty ýaşly uýasy bolsa halas edildi. Çagalaryň ene-atasy hem hüjümde ejir çekdi.
Nikopol raýonynda bolsa 47 ýaşly aýal ýaralandy, ol orta agyr ýagdaýda keselhana ýerleşdirildi diýip, sebit harby administrasiýasynyň başlygy Serhiý Lysak habar berdi.
Sinelnikowo raýonynda dron zarbasy netijesinde oba hojalyk kärhanasynda ýangyn turdy.
Ukrainanyň Howa güýçleriniň maglumatlaryna görä, Russiýa öten gijäniň dowamynda Ukraina 100 dron bilen hüjüm etdi. Ukrain harbylary olaryň 37-sini atyp düşürdi, ýene 47 dron bolsa bellenilen nyşanalara ýetmedi. Bu hüjümler netijesinde Harkiw, Donetsk, Dnepropetrowsk we Kiýew oblastlary zyýan çekdi.