Diplomatlar Saud Arabystanynda duşuşmaga taýynlyk görýän mahaly, Ukraina Moskwa garşy güýçli hüjüme başlady

2025-nji ýylyň 11-nji martynda Moskwanyň Sapronowo obasynda pilotsyz hüjümden soň ýaşaýyş toplumynda zeper ýeten ýaşaýyş jaýyny görse bolýar.

Ukraina öten gije Moskwa we Moskwa sebitine hüjüm edip, azyndan bir adamyň ölmegine we ýaşaýyş jaýlaryna hem-de infrastruktura zeper ýetmegine getiren pilotsyz uçarlaryň uly göwrümli hüjümini amala aşyrdy. Bu waka, Waşingtonyň we Kiýewiň diplomatlarynyň Saud Arabystanynda duşuşmaga taýýarlanýan mahalyna gabat geldi.

Moskwa sebitiniň gubernatory Andreý Worobýowyň sözlerine görä, 11-nji martda irden edilen hüjümlerde başga-da üç adam ýaralandy. Ejir çekenler Widnoýe şäherçesinde we Domodedowo şäherçesiniň golaýyndaky Yam obasynda hasaba alyndy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi ýurt boýunça Ukraina tarapyndan uçurylan pilotsyz uçaryň jemi 337 sanysynyň urlup ýykylandygyny aýtdy.

Soňky hepdelerde Russiýanyň çägine edilen ilkinji uly hüjüme pilotsyz uçarlaryň anyk näçesiniň gatnaşandygy belli däl.

Bu uly göwrümli hüjümler, Birleşen Ştatlaryň we Ukrainanyň ýokary derejeli resmileriniň Ukrainadaky söweşi nädip soňlamalydygy barada gepleşikler geçirmek üçin Saud Arabystanynda duşuşmaga taýýarlyk görýän mahaly boldy.

Soňky günlerde Russiýa, söweşiň töweregindäki diplomatiýanyň güýçlenmegi bilen, Ukrainanyň infrastrukturasyna we raýat nyşanalaryna garşy hüjümlerini güýçlendirdi.