Berk çäklendirmeler, mejbury çäreler prezidentiň Balkana amala aşyran iş saparyna kölege saldy

Mejbury çärelere çekilen ýaşlar. Arhiwden alyndy, illýustrasiýa.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 1-2-nji maýda Balkan welaýatyna iki günlük iş saparyny amala aşyryp, Awaza milli syýahatçylyk zolagyna baryp gördi, Balkanabat halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Ýöne bu dabaralar ýerli ilatyň aňynda berk çäklendirmeler astynda ýerine ýetirilen mejbury çäreler hökmünde galdy.

Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleri iş saparynyň öňüsyrasynda, sebitde Internet çäklendirmeleriniň geriminiň giňeldilendigini aýdýarlar. Şeýle-de, saparyň dowamynda mejbury çärelere çekilen birnäçe talybyň huşuny ýitirendigi, galyberse-de, sapardan öň, bu sebitde polisiýa edaralarynyň sanawynda duran öňki tussaglaryň birnäçesiniň, howpsuzlyk aladalary bilen baglylykda, bir aý möhlet bilen wagtlaýyn tussag edilendigi barada habarlar gelip gowuşýar.

Türkmenistanyň döwlet metbugatyna görä, prezident penşenbe we anna günlerinde günbatar welaýatda sapardy boldy.

Saparyň ilkinji gününde Berdimuhamedow Awaza milli syýahatçylyk zolagynda Ministrler Kabinetiniň göçme ýygnagyna, anna güni bolsa, Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde gurluşygy uzaga çeken halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Howpsuzlyk aladalary

“Prezidentiň iki günlük saparyna taýýarlyk çäreleriniň çäklerinde, sebitde tas 15 günläp Internet aragatnaşygy berk çäklendirildi, VPN-leriň tas ählisi petik astynda galdy” diýip, ýerli çeşmeler aýdýar.

Türkmenistanda döwlet ýolbaşçylarynyň sebitlere amala aşyrýan saparlary köplenç ýerli halkyň durmuşynda mejbury çäreler bilen ýatda galýar.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri prezidentiň günbatar welaýata amala aşyran saparynyň öňüsyrasynda, tas bir aý çemesi öňünden, howpsuzlyk gulluklarynyň ilat arasynda özge pikirli, ýa-da hökümete garşy tankydy garaýyşlary bolan adamlary anyklamak we ýüze çykarmak işlerine bat berendiklerini aýdýarlar.

“Olar raýat eşiginde ilat arasyna siňip, garşylyk pikirlere eýe bolan adamlary anyklamaga çalyşdylar. Ozal häkimiýetleriň sanawynda duran öňki tussaglar wagtlaýyn tussag edildiler” diýip, çeşmeler aýdýar.

Degişli maglumat Býujet işgärleri Bedew baýramçylygy mynasybetli geçirilen çärelere tomaşaçy hökmünde çekildi

Şeýle-de, ýerli ýaşaýjylar bu saparyň öňüsyrasynda, häkimiýetleriň maglumat giňişligini gözegçilikde saklamak synanyşyklarynyň çäklerinde, Balkanda daşary ýurt döwletleriniň Internet we emeli hemra arkaly tomaşa edilýän tölegli teleýaýlymlary petiklemek ugrunda tagalla edilendigini aýdýarlar.

Döwlet telewideniýesiniň “Watan” habarlar gepleşigine görä, prezident saparyň ilkinji gününde hökümet agzalary bilen Awazada geçiren göçme mejlisiniň dowamynda beýleki meseleler bilen hatarda bu sebitde geçiriljek iri halkara maslahata taýýarlyk işlerini maslahat etdi.

Türkmenistan şu ýylyň ikinji ýarymynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň halkara maslahatyny Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirmegi meýilleşdirýär.

"Janly diwar"

Balkanabat halkara howa menziliniň açylyş dabarasyndan taýýarlanyp döwlet telewideniýesinde efire berlen wideo reportažlarda birmeňzeş lybaslarda köpçülik çäresine çekilen ýaş raýatlary görmek bolýardy.

Täze howa menziline barýan ýoluň iki kenarynda elleri baýdakly ýaş raýatlary – oglanlary we gyzlary synlamak bolýardy.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri bu çärä talyplaryň mejbury çekilendigini we azyndan bäş talybyň yssy howada huşuny ýitirendigini aýdýarlar.

Bu talyplar nebit-gaz we lukmançylyk orta hünär mekdepleriň talyplary bolup, çeşmeler çärede huşuny ýitiren talyplaryň öz arzalary boýunça okuwdan çykarylandygyny aýdýarlar.

Degişli maglumat Türkmen resmileri Saglyk gününi belleýär, ilat yzly-yzyna çärä çekilýär

Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça Balkan welaýat häkimliginden teswir alyp bilmeýär.

Galyberse-de, prezidentiň günbatar welaýata amala aşyran iş saparynyň dowamynda Türkmenbaşy – Aşgabat aralygynda gatnaýan hususy awto ulaglaryň hereketi hem çäklendirilipdir.

Ýerli çeşmeler Berdimuhamedowyň Türkmenbaşydan – Balkanabada dikuçarda däl, awtoulagda barandygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri mundan ozal Balkanabat halkara howa menziliniň gurluşyk işleriniň töleg meseleleri sebäpli gijikdirilendigini habar berdiler.

2021-nji ýylda düýbi tutulan howa menzilini 2024-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga bermek göz öňünde tutulypdy.

Günbatar sebitde açylan täze halkara howa menzili bilen Türkmenistanda soňky ýedi ýyldan gowrak wagtyň dowamynda azyndan üç sany halkara howa menzili – Türkmenabat, Kerki we Balkanabat howa menzilleri açylyp ulanylmaga berildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.