Berdimuhamedowyň gyzyna medal, özüne Magtymguly baýragy berildi

Bezeg suraty

Türkmen metbugaty Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory Oguljahan Atabaýewanyň Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglanandygyny habar berýär.

O. Atabaýewa ýakynda kakasynyň ýolbaşçylygyndaky gaznanyň wise-prezidenti wezipesine bellenipdi.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow aýal doganyny medal, kakasyny Magtymguly baýragy bilen sylaglamak baradaky permanlara 10-njy dekabrda gol çekdi.

2007-nji ýylda häkimiýet başyna geleninden soň 60 gowrak kitap ýazan Berdimuhamedowa Magtymguly baragynyň berilmegi baradaky karar, zähmetkeşler toparlaryndan we raýatlaryndan gelip gowşan teklipler, Magtymguly adyndaky halkara baýraklary komitetiniň karary... esasynda berlipdir.

Bu sylaglar ýurtda ataly-ogul Berdimuhamedowlara we hökümete ygrarly hasaplanylýan beýleki adamlaryň bir bölegini "Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna" atly ýubileý medalynyň paýlanylýan wagtyna gabat geldi.