Balkan sebitindäki un, çörek aladalarynyň arasynda, hoşalaryndaky däneleri doly gatap, bişip ýetişmedik hem bolsa, kärendeçileriň erk-islegine garaman, ýerli häkimiýetler 15-nji maýdan öň bugdaý oragyna başlamak görkezmesini berdi. Bu maglumat prezidentiň galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet toparyny döretmek barada gelen kararynyň yz ýanyna gabat geldi, ýöne 8-nji maýda gol çekilen kararda bişmedik bugdaýlary ormaly diýilmeýär.
Ýerli hünärmenler we daýhanlar bişmedik bugdaýyň orulmagyny sebit, etrap häkimleriniň bugdaýdan boşan ýerleri başga adamlara ulanmaga berip, goşmaça peýda görmek niýetleri bilen baglanyşdyrýarlar. Bu hili gapma-garşylyklar öňräkden bäri dowam edýär we habarçylarymyz kärende ýerleri eýelerinden alnyp, telekeçilere berilýän daýhanlaryň nägilelikleri barada öňem habar beripdiler. Ýöne bu hili habarlara resmi düşündiriş alyp bolmaýar.
Azatlygyň Balkandaky habarçysy, hünärmenler bilen gürleşip, türkmen ununyň gytçylygynyň gapdalyndan geljekki hasyla zyýan boljak ýalňyşlyga ýol berilýändigini habar berýär. Onuň tassyklamagyna görä, Bereket, Gyzylarbat, Magtymguly etraplarynda heniz doly bişmedik, ýaňy samany saralyp başlan, hoşalaryndaky däneleri gowy bişmedik bugdaý meýdanlarynda orak işleri başlandy.
Degişli maglumat Daýhanlar bugdaý oragynyň bosagasynda gallanyň heniz doly bişmändigini aýdýarlar“Gyzylarbat, Magtymguly etraplarynyň bugdaý meýdanlarynda kombaýnlar işe girişdi, 20-nji maýda bolsa, Bereket etrabynda hem bugdaý oragyna başlamak meýilleşdirilýär” diýip, Azatlygyň çeşmesi habar berdi.
Onuň sözlerine görä, “bu welaýat resmileriniň uly ýalňyşy bolup, orak işlerini ir başlap, ir tamamlamak, bugdaýdan boşan ýerleri indiki bugdaý ekilýänçä, oktýabr aýynyň aýagyna çenli hususy taraplara goşa dyrnak içinde kärendesine berip, gazanç etmek” niýetleri bilen bagly.
“Wagtyndan ir orlan bugdaýdan un bolmaýandygyny bilseler-de, bu olary gyzyklandyrmaýar. Olary boşan ýerleri kärendesine berip, onuň her gektary üçin aljak müňlerçe manat girdejisi gyzyklandyrýar” diýip, bu habary Gyzylarbadyň Parow daýhan birleşiginde ýaşaýan agronom ýardamçysy hem tassyk etdi.
Habarçy bilen aýry-aýrylykda gürleşen oba adamlary bu gyssanmaçlygyň ýurtdaky un, çörek üpjünçiligi ýagdaýynyň gowulaşmagyna ‘diňe zyýan’ boljakdygyny aýdýarlar.
“Bugdaý eken kärendeçiler diňe ýerden alan hasylynyň puluna eýeçilik edip bilýär. Häkimlik wekilleri olaryň ýetişdiren bugdaýynyň samanyna çenli alyp, teleşkasyny müň manatdan maldarçylyk hojalyklara satýarlar. Bugdaý oragyndan soň kärendeçi öz ýeriniň golaýyna hem baryp bilmeýär, ol ýerler telekeçilere gök, bakja, mekgejöwen ekinlerini ekmäge berilýär. Häkimlik daýhanlary diňe oktýabrda, bugdaý ekişi başlanda öz ýerlerine goýberýär” diýip, parowly kärendeçi gürrüň berdi.
Onuň pikiriçe, bu çemeleşme adamlaryň az goragly gatlagynyň has garyplaşmagyna, beýleki bir böleginiň bolsa, olaryň hasabyna gurplanmagyna getirýär.
Geljekki hasyl 'eden-etdilikleriň gurbany bolýar'
Ýurdy iýjek gallasy bilen doly üpjün etmek maksadyndan ugur alýan bugdaýçylyk, synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, daýhanlara erk-ygtyýar berilmezligi netijesinde, ýerli emeldarlaryň eden-etdilikleriniň gurbany bolýar.
“Günbatar welaýatda şu günler türkmen uny tas ýok, dükanlarda diňe 1 kilogramy 15 manatdan başlanýan un, rus, gazak uny satylýar. Tapylan ýagdaýynda, türkmen uny arzan, kilogramy 10 manatdan satylýar, ýöne hili pes, porsy ysy bar. Paýok unuň bugdaý oragy tamamlanyp, kärhanalara bugdaý gelip gowşanyndan soň paýlanjakdygy aýdylýar. Gyzylarbatda 1 buhanka çöregiň bahasy 5 manada çykdy, 10 manatdan satylýan tamdyr çöreginiň agramy bolup bilse 300 gram” diýip, gyzylarbatly ýaşaýjy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, döwlet dükanlarynda arzanladylan buhanka çöregi indi alty gowrak wagt bäri satylmaýar.
Degişli maglumat Gallaçy daýhanlar özleriniň kärende ýerleriniň esassyz ellerinden alynýandygyny aýdýarlarAzatlygyň söhbetdeşleri häkimiýetleriň her ýyl 1,5 million tonna golaý bugdaý hasylynyň ýetişdirilýändigi barada aýdýan sözlerini, metbugatda wasp edilýän bolçulygy hem sorag astyna alýarlar.
“1 buhanka 1,5manatdan satylardy, özümizde öndürilýän bugdaý uny näme üçin özümize özümize ýetmeýär? Her ýyl ýanwar aýyndan soň un, çörek gytçylygy emele gelýär, resmiler bugdaý oragy başlansyn, un meselesini çözeris diýýärler. Ýa,da 1,5 milýon tonna golaý bugdaý hasylyny aldyk diýip, hökümet halky we özüni aldaýarmy? Biz düşünmeýäris, bugdaý alýan bolsa, ol bugdaý nirede? Almaýan bolsa, halky aldamagyň nämä geregi bar?” diýip, Azatlygyň başga bir söhbetdeşi aýtdy.
Beýleki bir söhbetdeşimiz bolsa, metbugatda aýdylýan zatlar bilen durmuş hakykatynyň arasynda ullakan üzňeligiň emele gelendigini, munuň indi kän geňem görülmeýändigini öňe sürdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.