Azerbaýjanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy sapara çagyrýar

Synçylar ogly Serdaryň prezident kürsüsinde oturmagyna garamazdan, uly Berdimuhamedowyň ýurduň daşarky we içerki syýasatyny kesgitlemekde entegem esasy roly oýnaýandygyny belleýärler.

Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy öz ýurduna sapar bilen gelmäge çagyrdy. Alyýewiň Berdimuhamedowa bu baradaky teklip bilen hat ýollandygy barada hökümetçi türkmen onlaýn neşirleri 7-nji maýda habar berdi.

Maglumatda Alyýewiň “Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky bilelikdäki işleriň mümkinçilikleriniň netijeli ösdürilmegine degişli açyk gepleşikleri we pikir alyşmalary dowam etdirmek maksady bilen” uly Berdimuhamedowy sapar bilen gelmäge çagyrypdyr. Mümkin saparyň senesi aýdyňlaşdyrylmaýar.

Soňky döwürde ozalky prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurtlara saparlary ýaýbaňlandy. Ol geçen aýyň aýagynda Merkezi Aziýa döwletlerine, şu hepde hem Fransiýa sapar edip, degişli ýurtlaryň prezidentleri bilen duşuşdy.

Synçylar ogly Serdaryň prezident kürsüsinde oturmagyna garamazdan, uly Berdimuhamedowyň ýurduň daşarky we içerki syýasatyny kesgitlemekde entegem esasy roly oýnaýandygyny belleýärler.