Türkmenistanda, sebitlerden möhümini bitirmek üçin hökmany ýagdaýda paýtagta gitmeli bolýan adamlaryň barha köpelmegi bilen, öňden gelýän ulag ýetmezçiligi, bilet gytçylygy meseleleri has çuňlaşýana meňzeýär. Bu ýagdaý, bir tarapdan, ýurtdaky ykdysady kynçylyklar, ýokarlanýandygy aýdylýan migrasiýa meýilleri bilen bagly bolsa, ikinji tarapdan, türkmen awiakompaniýasynyň Russiýa bilen aradaky ýolagçy gatnawyny dikeltmegi hem-de iş, okuw, göçüp gitmek meselelerini çözmek isleýän adamlaryň bu pursatdan çaltrak peýdalanmaga çalyşmagy bilen düşündirilýär.
Azatlygyň habarçysy soňky günlerde ýurduň dürli sebitlerinden Aşgabada gelýän adamlaryň dowamly köpelýändigini, olaryň wiza, migrasiýa, göçüp gitmek we okuw meseleleri bilen, öz zerurlyklaryny paýtagta bitirmek üçin ýola çykýandyklaryny habar berdi.
Azatlyk ýurtdaky ulag meselesi, otly, uçar, awtobus we taksi hyzmatlary bilen bagly ýagdaýlar, ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan kösençlikleri barada mundan öňem habar beripdi.
"100-120 manat para berseň, bilet derrew tapdyrýar"
“15 gün öňünden satylmaly otly biletleri soňky günlerde ne onlaýn satuwynda, ne-de bilet kassalarynda bar. Netijede, ýiti bilet ýetmezçiliginiň fonunda, adamlar ýolbeletler bilen "şertleşip", pul berip, wagonlaryň koridorlarynda we tamburlarynda ýatyp, ýa-da barjak ýerlerine çenli dik durup, uzak ýol geçmeli bolýarlar” diýip, bu ýagdaýy başdan geçiren ýaşaýjy habarçymyz bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Azatlygyň habarçysynyň aýry-aýrylykda gürleşen birnäçe söhbetdeşiniň tassyklamagyna görä, demirýol menzillerindäki "araçylaryndan tas islendik senä bilet satyn alyp bolýar”.
Degişli maglumat Lebapda uçar biletleriniň gytçylygy ýitileşdi, aeroportda uly nobatlar döredi"Türkmenabatdan Aşgabada plaskart wagonda gitjek bolsaň, biletiň resmi bahasy 48 manat. Emma bu bahadan bilet ýok. Eger-de araçylara biletiň resmi bahasynyň üstüne 100-120 manat para berseň, bilet derrew tapdyrýar" diýip, lebaply zähmet migranty Azatlygyň habarçysyna aýtdy.
Türkmen metbugaty 2-nji maýda prezident Serdar Berdimuhamedowyň Balkanabatda gurlan täze Halkara howa menzilini açandygyny habar berdi. Emma adamlar täze açylan aeroportuň ilatyň ulag kösençliklerini azaltjagyna ynamsyz garaýarlar diýip, habarçy aýtdy.
"Ozalky aeroport şäheriň çäginde ýerleşip, oňa şäher içi awtobusynda ýa-da marşrut taksisinde baryp bolardy. Ol aeroportdan hatda Nyýazow döwründe-de hepdede 4 gezek Aşgabada, 1 gezek Mary şäherin, 2 gezek Daşoguz şäherine uçar gatnawlary amala aşyrylýardy. Berdimuhamedow döwründe, wagtyň geçmegi bilen, diňe Aşgabada hepdede 2 gezek reýs boldy” diýip, balkanabatly ýaşaýjy soňky onýyllykda ilata edilýän transport hyzmatynyň dowamly ýaramazlaşandygyny aýtdy.
“Ýapyk ýurtdaky” aeroportlar ‘halkara howa menzili’ atlandyrylýar
Balkanabadyň başga bir ýaşaýjysynyň sözlerine görä, täze howa menziliniň şäherden uzakda gurulmagy netijesinde, eger sebit merkezi bilen aeroport aralygynda gowy awtobus gatnawy ýola goýulmasa, ýolagçylar üçin goşmaça kynçylyklar döreýär.
“Täze gurlan aeroport şäherden 25 kilometr uzaklykda, Jebel stansiýasynyň demirgazyk-günbatarynda, Mollagara şypahanasyndan 4 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Aeroportuň şäherden daşda gurulmagy ilat üçin uly kynçylyklary döredýär, üstesine, ol howa menzilinden Aşgabada hepdede näçe gezek reýs boljagy hem belli däl. Halkara reýsler barada arzuw etmese hem bolar" diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran ýaşaýjy aýtdy.
Degişli maglumat Arkadaga gatnajak otly ilatyň 'demirýol, otly ýarasyny açdy'Şeýle-de, ol “ýapyk ýurtda” gurulýan aeroportlaryň ählisine ‘halkara howa menzili’ adynyň ýa derejesiniň berilýändigini, emma iş ýüzünde olaryň aglaba ýagdaýda, uzagyndan diňe paýtagta uçýan reýsler bilen çäklenýändigini aýtdy.
“Halkara reýsleri gaty az, bolanlary hem paýtagt Aşgabatdan uçýar. Şol bir wagtda, bar bolan seýrek reýslere hem bilet tapmak ilat üçin uly meselä öwrülýär” diýip, balkanabatly söhbetdeşimiz aýtdy.
Azatlyk radiosy türkmen häkimiýetlerinden ulag, bilet we ýolagçy kösençlikleri barada hiç bir düşündiriş alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.