Ak Tam: Tramp Ukraina boýunça wagtlaýyn däl, hemişelik ýaraşyk isleýär

Ak Tamyň metbugat wekili Kerolain Lewitt

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Ukraina boýunça wagtlaýyn däl-de, hemişelik ýaraşygyň gazanylmagyny isleýär diýip, Ak Tamyň metbugat wekili Kerolain Lewitt aýtdy. Ol bu beýanaty Kreml tarapyndan 8-10-njy maý aralygynda Ukraina boýunça wagtlaýyn ýaraşyk yglan etmek baradaky habarlara jogap edip aýtdy.

Lewittiň sözlerine görä, Tramp Russiýanyň we Ukrainanyň ýolbaşçylary bilen “barha köp lapykeç bolýar”, emma muňa garamazdan, optimizmini ýitirenok we parahatçylyk baradaky ylalaşygyň mümkindigine ynanýar.

“Prezident söweş hereketleriniň uzak möhletli togtadylmagyna ymtylýandygyny açyk aýtdy. Munuň esasy maksady adam pidalaryny we gan dökülmegi duruzmakdyr” diýip, Lewitt nygtady.

Şeýle-de ol Trampyň golaýda Ukrainanyň prezidenti Wolodymir Zelenski bilen duşuşygyna salgylanyp, onuň bu meselä nähili çynlakaý çemeleşýändigini we muňa näçe wagt we güýç sarp etmäge taýýardygyny görkezendigini aýtdy.

27-nji aprelde Tramp Russiýanyň prezidenti Wladimir Putine ýüzlenip, ony parahatçylyk babatda çynlakaýdygyny görkezmäge hem-de Ukraina garşy söweşi togtatmaga çagyrdy.

“Men onuň ok atmagy bes edip, gepleşiklere oturmagyny we ylalaşyga gol çekmegini isleýärin” diýip, Tramp žurnalistlere aýtdy. Şeýle-de ol ýakyn iki hepdäniň dowamynda Putiniň hakykatdan hem parahatçylygy isleýändigi baradaky soňky netijä gelip biljekdigini aýtdy.