ABŞ wekilleri Russiýa sapar edýärkä, Kreml ok atyşygy wagtlaýyn bes etmek baradaky islendik ylalaşygy ret edýär

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp we onuň ýörite wekili Stiw Witkoff (Steve Witkoff)

Prezident Wladimir Putiniň ýokary derejeli kömekçisi ABŞ-nyň wekiliýetiniň Moskwa bilen gepleşikler geçirmek üçin Russiýa barmagyna birnäçe sagat galanda, Ukraina bilen ok atyşygy wagtlaýyn bes etmek baradaky islendik ylalaşygy ret etdi.

ABŞ-nyň wekiliýetiniň Kremli 30 gün möhlet bilen ýaraşyga razy bolmaga çagyrmagyna ýa-da Moskwanyň sanksiýalar bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyny duýdurmagyna garaşylýar.

Kremliň kömekçisi Ýuri Uşakow 13-nji martda döwlet telewideniýesinde görkezilen interwýusynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň teklip edýän we Kiýew tarapyndan kabul edilen ýaraşyk ylalaşygynyň Russiýanyň ukrain goşunlaryna edýän basyşyndan gutulmak üçin Ukraina wagt berjekdigini aýtdy.

Tramp 12-nji martda Ak tamda Irlandiýanyň premýer-ministri Mişel Martin (Micheal Martin) bilen geçiren duşuşygynda, Ukraina boýunça ýaraşyk ylalaşygynyň gazanylyp bilinjekdigi barada ynam bildirdi we ABŞ-ly wekilleriň “gürleşişimiz ýaly, edil häzirki wagtda Russiýa sapar edýändigini” aýtdy.

13-nji martda Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow Trampyň ýörite wekili Stiw Witkoffyň (Steve Witkoff) ýolbaşçylygyndaky ABŞ toparynyň Moskwa gelýändigini tassyklady.

Mundan ozal, Tramp “Russiýanyň ok atyşygy bes etmekden başga çykalgasy ýok” diýipdi.

“Gerek bolsa, biz sanksiýa girizeris, ýöne men muňa zerurlyk bolmaz diýip umyt edýärin” diýip, Tramp 12-nji martda Ak tamda žurnalistlere beren maglumatynda aýtdy.