ABŞ wekiliniň Putin bilen duşuşygynyň gün tertibinde, Waşingtonyň Krym baradaky syýasatynda uly üýtgeşme bar

Ukrainadaky giň gerimli uruş dördünji ýylyna gadam basan wagty, bu teklip Waşingtonyň gepleşikleri öňe ilerletmek synanyşygy hökmünde görülýär.

ABŞ-nyň Russiýa boýunça baş wekili Stiw Witkoffyň Moskwada Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen geçirmegi planlaşdyrýan duşuşygynyň gün tertibinde Waşingtonyň Krym baradaky syýasatynda uly bir üýtgeşme bar, ýagny Russiýanyň Ukrainanyň Krym ýarymadasy babatdaky talaplarynyň ykrar edilmegi.

Bu teklip geçen hepde Parižde geçirilen gepleşiklerden soň ABŞ-nyň resmileri tarapyndan dile getirildi we 25-nji aprelde Witkoff bilen Putiniň arasynda geçiriljek duşuşykda gozgalmagyna garaşylýar.

Ukrainadaky giň gerimli uruş dördünji ýylyna gadam basan wagty, bu teklip Waşingtonyň gepleşikleri öňe ilerletmek synanyşygy hökmünde görülýär.

Bu teklip ABŞ-nyň syýasatynda aýratynlykda Krymyň statusy boýunça möhüm üýtgetmäni alamatlandyrýar. Russiýa 2014-nji ýylda Krymy basyp alyp, onuň Russiýa birikdirilendigini yglan edipdi.

Dünýäniň diňe az sanly döwletleri Russiýanyň Krym baradaky talaplaryny ykrar etdi, we ABŞ-nyň syýasy ugry, şol sanda Trampyň öňki prezidentlik döwründe hem, Russiýanyň bu talaplaryny ret etmek bilen dowam edipdi.

ABŞ-nyň teklibi bilen tanyş bir Ýewropa diplomaty we öňki bir amerikan diplomaty onuň mazmunyny Azatlyk Radiosyna tassykladylar.

Krym bilen baglylykda, ABŞ-nyň meýilnamasy Russiýanyň Krym baradaky talaplaryny “de-jure”, ýagny hukuk taýdan ykrar etmegi göz öňünde tutýar.

Bu diňe ABŞ-nyň syýasaty üçin uly bir üýtgeşme däl, eýsem Russiýanyň prezidenti üçin uly ýeňiş bolup biler. 2014-nji ýyldaky Krymyň basylyp alynmagy Putiniň ýurduň içindäki abraýyny ýokarlandyran hadysa hökmünde kabul edilýär.

Şol bir wagtda, Krymyň ykrar edilmegi Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski we Ukrainanyň köp bölegi üçin agyr zarba bolar. Ukrain halky Krymyň Russiýa degişli edilmegini ýurduň garaşsyzlygyna kast edilmek hökmünde kabul edýär.

Geçen hepde Parižde ABŞ-nyň teklibi diplomatlaryň arasynda aýlanyp başlandan soň, Zelenski açyk çykyşlarynda hem-de ýapyk gepleşiklerde Krymyň ykrar edilmek teklibini ret etjekdigini aýtdy. Munuň yzýany ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio Londonda 23-nji aprelde geçmeli gepleşiklerden çekildi.

“Bu ýerde gürrüň etmäge zat ýok. Bu biziň ýurdumyz, ukrain halkynyň ýurdudyr” diýip, Zelenski aýtdy.

Şol günüň dowamynda Tramp sosial ulgamda çykyş edip, ABŞ-nyň teklibiniň ilerledilmegi ýagdaýynda, Ukrainanyň hökümetiniň çeýe hereket etmäge mümkinçilikleriniň boljakdygyny nygtady.

Şeýle hem, Tramp Ukrainanyň 2014-nji ýylda Krymyň basylyp alynmagyna garşy durmandygyny ýaňzytdy.

ABŞ-nyň teklibiniň beýleki bölümleri NATO agzalyk meýilleriniň petiklenmegini we Russiýanyň häzirki wagtda Ukrainanyň eýelän Donetsk, Luhansk, Herson we Zaporižýa sebitlerindäki gözegçiliginiň “de-fakto” ykrar edilmegini öz içine alýar.

Şeýle hem, Harkiw oblastyndaky Russiýanyň gözegçiligindäki ýerleriň Ukrainanyň gözegçiligine gaýtarylmagy, Dnepr derýasyna ukrain tarapynyň erkin elýeterliliginiň üpjün edilmegi we Zaporižýa ýadro elektrik stansiýasynyň Ukrainanyň dolandyryşyna geçmegi bilen baglanyşykly şertler göz öňünde tutulýar. Şeýle-de ABŞ-nyň şol stansiýany dolandyrmak we energiýany Ukraina hem-de Russiýanyň gol astyndaky regionlaryna üpjün etmek wezipesi bar.

NATO agzalygyny ret etmek bolsa, Ukrainanyň konstitusiýasyndaky esasy syýasy maksatlaryň birine ters gelýär.