ABŞ Ukraina üçin $725 millionlyk harby hemaýaty yglan etdi

Ukrain ofiseri Harkiw regionynda ok-därilere gözegçilik edýär. (arhiw suraty)

2-nji dekabrda ABŞ Ukraina üçin $725 millionlyk täze harby hemaýat bukjasyny yglan etdi. Onuň düzümine şol sanda minalar, HIMARS we beýleki arilleriýa ulgamlary üçin ok-däriler, Stinger raketalary we dronlar dagy girýär.

Birleşen Ştatlar Ukraina üçin minalaryň iberilmegini geçen aý mälim etdi. ABŞ-nyň goranmak sekretary Lloýd Austin munuň zerur ädim bolandygyny, sebäbi Russiýanyň güýçleriniň öňe ilerlemek üçin ulaglary däl-de, pyýada goşunlary ulanýandygyny belledi.

Baýdeniň administrasiýasy saýlanan-prezident Donald Tramp häkimiýet başyna geçýänçä, Kiýewe has köp hemaýaty bermek ugrunda tagalla edýär.

Tramp ABŞ-nyň Kiýewe berýän hemaýatyny gaýta-gaýta tankytlapdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken täze hemaýatyň “gyssagly zerur bolan ýaraglaryň we serişdeleriň möhüm bukjasy” bolandygyny aýtdy.