Birleşen Ştatlaryň Federal kazyýeti ABŞ-nyň Global Media agentligine (USAGM) Kongres tarapyndan tassyklanan serişdelerden Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna (AÝ/AR) aprel aýy üçin degişli puly geçirmek barada karar çykardy. Bu karar ABŞ tarapyndan maliýeleşdirilýän birnäçe halkara ýaýlymlarynyň işlerini çäklendirmek baradaky jedelli ýagdaýlaryň arasynda çykaryldy.
ABŞ-nyň etrap kazysy Roýs Lambertiň 29-njy aprelde çykaran wagtlaýyn çäklendirme kararynda “gürrüňi gidýän pul serişdeleriň AÝ/AR üçin Kongres tarapyndan bölünip berlendigi” we prezident Donald Trampyň degişli býujet kararyna gol çekendigi bellenilýär.
“Kazyýetiň bu günki karary Kongresiň AÝ/AR üçin ýyllyk bölüp berýän serişdelerinden bir aýlyk maliýeleşdirmegiň goýberilmegini üpjün edýär. Munuň netijesinde biziň žurnalistlerimiz diktatorlary we awtoritar režimleri jogapkärçilige çekmek işlerini dowam etdirip bilerler” diýip, AÝ/AR -nyň prezidenti we baş ýerine ýetiriji direktory Stiwen Kapus aýtdy.
“Biz aprel aýyna degişli gijikdirilen serişdeleriň tiz wagtda gelip gowuşmagyna umyt edýäris, sebäbi AÝ/AR bu aýda işgärleriniň sanyny azaltmaga we Amerikanyň milli howpsuzlygy üçin möhüm bolan sebitlere ýetirýän gepleşikleriniň möçberini kemeltmäge mejbur boldy” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
ABŞ-nyň Global Media agentligi garaşsyz hökümet agentligi bolup, ol Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy, “Amerikanyň sesi” we Birleşen Ştatlar tarapyndan maliýeleşdirilýän beýleki halkara habar beriş serişdeleriniň işini utgaşdyrýar. Olaryň ýaýlymlary hepdelik esasda dünýäniň dürli ýurtlarynda 361 million töweregi diňleýjä 50-ä golaý dilde ýetirilýär.
Prezident Donald Trampyň 14-nji martda ýedi agentligi, şol sanda Global Media agentligini çäklendirmek baradaky gol çeken kararyndan birnäçe sagat soň, USAGM Kongres tarapyndan tassyklanan AÝ/AR-yň 2025-nji býujet ýylyna degişli maliýeleşdirilmesini bes edendigini mälim edipdi. Bu býujet ýyly 30-njy sentýabrda tamamlanýar.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bu ädimi bikanun hasaplap, USAGM-e garşy kazyýet işini gozgady.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy 23 ýurduň, şol sanda Belarus, Ukraina, Eýran, Owganystan we Russiýa ýaly döwletleriň tas 50 million diňleýjesine 27 dilde garaşsyz, senzurlanmadyk habarlary ýetirýär.