ABŞ müňlerçe owganystanlynyň wagtlaýyn gorag statusyny ýatyrdy

Kabuldan ewakuasiýa edilen owganystanly maşgalalar Waşingtonyň Dulles aeroportyndan ýöräp barýarlar. Sentýabr, 2021 ý.

12-nji maýda ABŞ-nyň Içerki howpsuzlyk boýunça departamenti Birleşen Ştatlarda ýaşaýan käbir owganystanlylaryň wagtlaýyn gorag statusynyň ýatyrylýandygyny mälim etdi. Departament bu karary Owganystandaky howpsuzlyk we ykdysady ýagdaýlaryň gowulaşmagy bilen düşündirdi.

Içerki howpsuzlyk boýunça sekretar Kristi Noem Owganystan üçin berlen wagtlaýyn gorag statusynyň möhletiniň 20-nji maýda tamamlanjakdygyny, we onuň bes edilmeginiň resmi taýdan 12-nji iýulda güýje girjekdigini aýtdy.

Wagtlaýyn gorag status programmasy uruş, tebigy betbagtçylyk ýa-da beýleki “adatdan daşary” ýagdaýlar sebäpli öz watanyna dolanyp bilmeýän daşary ýurt raýatlary üçin döredilendir.

AfghanEvac bähbit aramaýan guramanyň maglumatyna görä, häzirki wagtda ABŞ-da takmynan 11 müň owganystanly wagtlaýyn gorag statusy programmasynyň çäginde ýaşaýar.