ABŞ-da kazyýet Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy üçin aprelde goýberilmeli serişdeleriň saklanylmagy baradaky karary ýatyrdy

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Pragadaky baş edarasy

ABŞ-nyň Şikaýat kazyýetiniň 11 agzalyk sud topary 7-nji maýda giçlik kabul eden karary bilen, ABŞ-nyň Global Mediýa Agentliginiň (USAGM) Kongres tarapyndan öňünden tassyklanan maliýe serişdeleriniň aprel aýy üçin bölegini Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna geçirmäge borçludygy barada höküm çykardy. Bu ýerde gürrüň 12 million dollar töweregi puldan gidýär.

29-njy aprelde federal etrap kazyýeti Azatlyk Radiosy üçin niýetlenen býujet serişdeleriniň goýberilmegini makullapdy. Emma Şikaýat kazyýetiniň üç agzaly topary bu karary wagtlaýyn togtadypdy.

Indi USAGM 29-njy aprelde birinji instansiýanyň çykaran kararyny ýerine ýetirmeli we serişdeleri Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň hasabyna geçirmeli. Şeýle-de bolsa, agentlik bu karary ABŞ-nyň Ýokary kazyýetinde şikaýat edip biler.

Mart aýynda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň gözegçilik guramasy hökmünde çykyş edýän USAGM, ABŞ Kongresi tarapyndan 2025-nji maliýe ýylynyň ahyryna çenli (sentýabr aýynyň ahyryna) niýetlenen 75 million dollara golaý serişdäniň goýberilmegini togtatandygyny yglan edipdi. Bu karar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň, amerikan salgyt töleýjileriniň serişdeleriniň netijesiz sarp edilmeginiň öňüni almagy maksat edinýän, permany esasynda kabul edilipdi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy USAGM-niň bu hereketleriniň kanunylygyny sorag astyna alyp, Waşingtondaky federal etrap kazyýetine ýüz tutdy.