Birleşen Ştatlar bilen Russiýanyň arasynda geçirilen tussag alyş çäresiniň çäginde, Russiýada 12 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen rus-amerikan raýaty Kseniýa Karelina azatlyga çykdy. Ol 2022-nji ýylda ABŞ-da ýerleşýän ukrain haýyr-sahawat guramasyna $51 möçberinde pul geçirendigi üçin, Russiýada tussag edilip, geçen ýyl höküm edilipdi.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio, 10-njy aprelde sosial mediada eden beýanatynda, Karelinanyň azatlyga çykmagynyň prezident Donald Trampyň tagallasy bilen mümkin bolandygyny aýtdy.
Russiýanyň Howpsuzlyk gullugy (FSB) bolsa, alyş-çalyşda azatlyga çykarylan rus raýatynyň Artur Petrowdygyny tassyklady .
ABŞ-nyň Adalat departamenti Petrowyň “ABŞ-da öndürilen mikroelektroniki enjamlary Russiýanyň harby pudagyna eksport etmek boýunça çarçuwa gatnaşandygyny” aýdypdy.
Bu Trampyň prezidentlik döwründe ABŞ bilen Russiýanyň arasynda geçirilen şeýle ikinji tussag alyş-çalyş boldy.
The Wall Street Journal neşiriniň habaryna görä, bu alyş-çalyşyň gepleşikleri ABŞ-nyň Merkezi aňtaw gullugynyň (CIA) direktory Jon Ratkliff tarapyndan alnyp barylypdyr. Gepleşiklere Birleşen Arap Emirlikleri araçylyk edipdir.