11-nji maýda Omanyň paýtagty Maskatda ABŞ bilen Eýranyň arasynda Tähranyň ýadro programmasy baradaky gepleşikleriň nobatdaky, eýýäm dördünji tapgyry geçirildi.
Gepleşikler aprelden bäri dowam edýär, şu wagta çenli dürli ýerlerde dört duşuşyk geçirildi. Tehniki taýdan olar köplenç göni däl görnüşde guralýar. Ýagny diplomatik gatnaşyklary bolmadyk ABŞ bilen Eýran delegasiýalary Omanyň wekilleriniň araçylyk etmeginde gürleşýärler.
Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi gepleşikleriň soňky tapgyryny “has çynlakaý” we “has jikme-jik” diýip häsiýetlendirdi. Onuň sözlerine görä, gepleşiklerde öňegidişlikler bar we olar dowam etdiriler, emma nobatdaky duşuşygyň senesi entek bellenilmedi. ABŞ-nyň wekilleri hem gepleşikleriň soňky tapgyryny “höweslendiriji” diýip atlandyrdy.
Gepleşiklere gatnaşyjylaryň beýanatlaryna görä, Eýranyň urany baýlaşdyrmak baradaky meselesi henizem ylalaşygyň gazanylmagy ugrundaky esasy päsgelçilik bolup durýar. Arakçi Eýranyň uranyň baýlaşdyryş derejesini peseldip biljekdigini, ýöne ondan doly ýüz öwürmejekdigini aýtdy. ABŞ-nyň ýörite wekili Stiwen Witkoff bolsa, mundan ozal eden çykyşlarynda, Waşington üçin Eýranyň urany baýlaşdyrmakdan doly ýüz öwürmeginiň möhümdigini belläpdi.