Ukraina Russiýanyň 11 sebitine, şol sanda Moskwa 100-den gowrak pilotsyz uçar bilen hüjüm edip, rus paýtagtyndaky howa menzillerinde uly bökdençliklere sebäp boldy diýip, harby resmiler aýtdylar.
Russiýa 6-njy maýa geçilýän gije 20-ä golaý pilotsyz uçar bilen Ukrainanyň ikinji uly şäherini, Harkowy nyşana alyp, azyndan dört adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy diýip, ýerli prokurorlar aýtdy.
Iki tarapdan guralýan pilotsyz uçar hüjümleri Moskwa bilen Kiýewiň Ikinji jahan urşunda nasist Germaniýadan üstün çykylmagynyň 80 ýyllygy mynasybetli geçiriljek Ýeňiş baýramçylygyna taýýarlanýan wagtynda amala aşyrylýar.
Adatça bolşy ýaly, 9-njy maýda Gyzyl meýdançada guralýan harby parad Kremliň hatyra çäreleriniň merkezi bolmaly. Prezident Wladimir Putiniň Ikinji Jahan urşunda gazanylan ýeňişde Moskwanyň roluny nygtap, şeýle-de Russiýanyň Ukrainada alyp barýan giň gerimli urşy barada uly söz sözlemegine garaşylýar.
Putiniň Ukraina urşunda 8-nji maýdan başlap üç günlük ýaraşyk baglaşmaga çagyrmagyna garamazdan, ol ýerde, söweş meýdanynda-da, Kiýew bilen Moskwanyň arasyndaky dron söweşinde hem zorlugyň kiparlandygyny aňladýan hiç bir alamat görünmeýär.
Putiniň Ýeňiş güni çärelerinde dünýäniň 20 liderini kabul etmegine garaşylýar we resmiler baýramçylyk gününiň öňüsyrasynda Moskwadaky howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilendigini habar berdiler.
Moskwa häkimiýetleri ýaşaýjylara şu hepde feýerwerk atmazlyk duýduryşyny berdi, şeýle-de, mümkin bolan pilotsyz uçar hüjümleriniň ýa-da beýleki hüjümleriň öňüni almak üçin, sebitdäki internet üpjünçiliginiň kesilmeginiň ähtimaldygyny aýtdy.
Russiýanyň Goranmak ministrligi Ukrainanyň öten agşam 11 sebitdäki nyşanalara, şol sanda paýtagta 100-den gowrak pilotsyz uçar ugradandygyny aýtdy. Ministrlik howa goraglarynyň 105 drony ýa saklandygyny, ýa-da urup gaçyrandygyny öňe sürdi.
Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin 6-njy maýa geçilýän gije rus paýtagtyna tarap uçurylan 19 pilotsyz uçaryň urlandygyny habar berdi. Şäher häkimi, "deslapky maglumata görä, çynlakaý zyýanyň ýa-da ýitginiň bolmandygyny” aýtdy.
Russiýanyň raýat awiasiýa gullugy Moskwanyň günortasynda ýerleşýän Wnukowo, Domodedowo we Žukowskiý howa menzilleriniň wagtlaýyn ýapylýandygyny habar berdi. Rus awiýasiýasy soň Kaluga, Wolgograd we Saratow howa menzilleriniň hem ýapylýandygyny habar berdi. Uçar gatnawlary soň dikeldildi.
Gubernator Aleksandr Hinşteýniň sözlerine görä, geçen tomusda basyp alan ýerlerinden çykarylan ukrain güýçleri serhetýaka Kursk sebitindäki elektrik satnsiýasyna hüjüm etdi.
Bu hüjüm iki ýetginjegiň ýaralanmagyna, iki transformatoryň zaýalanmagyna, sebitde elektrik togunyň kesilmegine sebäp boldy.
Rus pilotsyz uçarlarynyň Harkowa eden hüjümi şäheriň dört etrabynda ýangyn döretdi, azyndan dört adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy diýip, ýerli prokurorlar aýtdy.
Rus goşunlary top atyp, iki obada üç adamyň ölmegine, dört adamyň ýaralanmagyna sebäp bolanyndan soň, Ukrainanyň Sumy sebitiniň demirgazyk-günbataryndaky häkimiýetler serhet ýakasyndaky iki şäherçäniň ýaşaýjylarynyň öýlerinden ewakuasiýa edilmegine çagyrdylar.
"Sumy sebiti. Russiýa serhetýaka obalarymyza ir säherden bäri hüjüm edýär" diýip, Içeri işler ministrligi telegramda ýazdy.