Polşa Belarus serhedinde migrantlar bilen arada bolan çaknyşyk barada habar berýär, harby çaknyşyk aladalary artýar

Polşa-Belarus serhediniň boýundaky çadyr lagerinde garaşýan migrantlar. 10-njy noýabr.

Ýakyn Gündogardan, Owganystandan we Afrikadan bolan ýüzlerçe migrant sowuk howada ujypsyz iýmit bilen, Polşa girmäge synanyşyp, serhetde çykgynsyz saklanyp galýan mahaly, Belarus bilen serhetleşýän ÝB ýurtlarynyň resmileri bu krizisiň harby çaknyşyga öwrülmeginiň mümkindigini duýdurdy.

Polşa Belarusy serhet dawasyny möwjetmekdäki roly sebäpli “terrorçylykda” aýyplady, Ýewropa Bileleşigi bolsa krizise meçew bereni üçin Minski jezalandyrmaga taýýarlanýar.

Bu krizis Günbatar bilen Russiýanyň arasynda täze gapma-garşylyk döretdi. Russiýa öz ýaranyna goldaw hökmünde ýadro ukyply strategiki bomba uçarlaryny belarus howa giňişliginde patrullyk etmäge iberdi.

11-nji noýabrda Polşanyň Goranmak ministrligi bir gün ozal Bialowieza sebitinde “ýüzlerçe migrantyň serhetden zor bilen geçmäge synanyşandygyny” aýtdy. Soňky günlerde şeýle synanyşyklar ozal hem bolupdy.

“Hüjüm esgerleriň üstüne predmetleriň zyňylmagy bilen başlandy we soňra haýaty ýykmaga synanyşyk edildi. Esgerler howa duýduryş okuny atdy” diýip, ministrlik twit ýazdy.

Şeýle-de, ministrlik serhede golaý Bruži-Kuznitsa sebitinde howpsuzlyk güýçleriniň garawul itleri bilen bilelikde tikenek simli haýatyň ugrunda patrullyk edýändigini görkezýän wideo paýlaşdy. Wideoda serhediň belarus tarapyndan garaşýan jemendäni görmek bolýar.

Belarusyň Serhet komitetine görä, 2 müňden gowrak adam Polşa bilen aradaky serhediň Belarus tarapyna ýygnanypdyr.

Litwanyň goranmak ministri Arwidas Anuşauskas öz ýurdunyň Belarus serhediniň ugurnda 1000-den gowrak migrantyň bardygyny aýtdy.

“Bu harby giňişlikde tutaşyp biljek prowakasiýalaryň hem-de çynlakaý hadysalaryň ähtimallygyny artdyrýar” diýip, Litwanyň, Latwiýanyň we Estoniýanyň goranmak ministrleri bilelikde beýanat berdi. Beýanat “Ýewropa howpsuzlygyna çynlakaý howp abandyrýan belarus režimi tarapyndan dowam etdirilýän gibrid hüjümiň bilkastlaýyn ýokarlandyrylýandygyny” belledi.

Belarusa barýan migrantlaryň sany soňky birnäçe aý bäri ýokarlanýar, olaryň müňlerçesi Polşanyň, şeýle-de ÝB agzalary bolan Latwiýanyň we Litwanyň çägine bikanun girmäge synanyşýarlar.

ÝB Belarus diýdimzory Aleksandr Lukaşenkany geçen ýylda geçirilen dawaly prezidentlik saýlawlaryndan soňra Brýusseliň girizen sanksiýalaryndan ar almak üçin daşary ýurtlardan migrant getirip, olary bileleşigiň serhetlerine itermekde aýyplady.

Belarusyň kartasy

Russiýa tarapyndan goldanylýan Lukaşenka hökümeti ÝB aýyplamalaryny ret edýär we Polşany hem-de Ýewropa Bileleşigini migrantlaryň bosgunlyga ýüz tutmagyna rugsat bermekden ýüz öwürmek bilen, ynsan hukuklaryny bozmakda aýyplaýar.

Bileleşige agza ýurtlaryň 27 ilçisi 10-njy noýabrda serhet krizisiniň Belarusa garşy mundan beýläk girizilmeli sanksiýalara kanuny esas bolup durýandygyny aýtdy. Belarusyň daşary işler ministri we milli howa ýollary kompaniýasy bilen bir hatarda 30 töweregi adamy we edara-kärhanany nyşana alýan sanksiýalaryň öňümizdäki hepde yglan edilmegi mümkin.

Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýen Belarusa garşy sanksiýalaryň “örän tizlik” bilen öňümizdäki hepdäniň başynda giňeldiljekdigini aýtdy. Sanksiýalar “Minske, soňra ÝB-Belarus serhedine tarap adam söwdasynyň edilmegine kömek berýän howa ýollary kompaniýasyny” hem öz içine almagy mümkin.

Degişli maglumat ÝB Belarus sanksiýalaryny giňeltmäge taýýarlanýar, serhet krizisi güýçlenýär

Kremliň metbugat sekretary Dmitri Peskow 11-nji noýabrda Moskwanyň öňe sürmelerini gaýtalap, onuň Polşa-Belarus serhet krizisine hiç hili ilteşiginiň ýokdugyny aýtdy hem-de Russiýanyň milli daşaýjysy bolan “Aeroflotyň” ar alyş sanksiýalary bilen nyşana alynmagynyň mümkindigi baradaky media habarlaryny ret etdi.

“Aeroflot” migrantlaryň köpçülikleýin Belarusa daşalmagynyň guramaçylygyna öz gatyşygyny ret etdi.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken “Belarusyň migrasiýany ýarag hökmünde ulanyp biljekdigi baradaky pikir...örän ýakymsyz” diýdi.

Blinken “režim özüniň halkara borçnamalaryny hormatlamakdan ýüz öwürdigiçe, öz hereketleri bilen Ýewropada parahatçylygy we howpsuzlygy äsgermezlik etdigiçe, ol öz ilatyna basyş edip, adamlary kemsitmäge dowam etdigiçe” ABŞ administrasiýasynyň Lukaşenka basyş etmegi dowam etdirjekdigini aýtdy.

Krizisiň geopolitiki ölçegine üns çekip, Russiýa 10-njy noýabrda ýadro ukyply iki bomba uçaryny belarus howa giňişligine uçurdy.

11-nji noýabrda Russiýa öz ýaranyna goldaw hökmünde ýadro ukyply iki bomba uçaryny tälim-türgenleşik missiýasy üçin Belarusa iberdi.

Bu aralykda, Ukrainanyň Içeri işler ministrligi “migrantlar bilen bolmagy ahmal krizise garşy göreşmek” maksady bilen 11-nji noýabrda ýurduň serhetçileriniň, polisiýa güýçleriniň we milli gwardiýanyň Belarus bilen aradaky serhetde tälim-türgenleşik geçjekdigini aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.