Ýasalan wideolar, galp bloglar, ahlak azgynçylygy: 2019-njy ýylyň ýalan habarlarynyň onlugy

"Feýk täzelikler", ýagny ‘ýalan habar’ diýilýän adalga 2016-njy ýylda ulanyşyga girizilipdi, şondan bäri ynanyp bolmajak maglumatlaryň sany hem onuň ulanylyş ugurlary diňe ösmek hem köpelmek bilen.

Üstümizdäki ýylda tomaşaçylara nämälim troll tarapyndan döredilen ýasama wideolar, galp bloglar az bolmady, hatda Ak Tamda hem olara ynananlar tapylan şübheli teoriýalar öňe sürüldi.

Bu diňe syýasatçylar tarapyndan köpçülikleýin habar serişdelerinde her günde gidýän ýalan ýa-da adamlary aldawa salýan maglumatlar däl.

2019-njy ýyldaky görnüp duran ýalan maglumatlaryň 10 sanysy.

Ýokary derejedäki feýk täzelik: Ukraina amerikan saýlawlaryna garyşypdyr

Hiç bir esasy bolmadyk bu teoriýa göni Ak Tamdan çykdy. Donald Tramp Ukrainanyň Demokratik partiýasynyň elektron poçtasyny döwüp, 2016-njy ýylda ABŞ-da geçen prezidentlik saýlawlarynyň netijesine täsir ýetirmek isländigini birnäçe gezek aýtdy.

«Ol serwer, aýdylyşyna görä, häzir Ukrainada» diýip, Tramp iýun aýynda Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý bilen telefon gepleşiginde aýtdy. (Ol telefon gepleşigiň gysgaldylan görnüşi çap edildi.) 22-nji noýabrda «Fox news» telekanalyna beren interwýusynda Tramp şeýle diýdi: "Siz bilýäňizmi, bu serweri FBR almady... Näme üçin ony haýsydyr bir ukrain kompaniýasyna berdiler? Näme üçin?"

Fiona Hill: Bu Russiýanyň ýörite gulluklary tarapyndan ýaýradylan şol wakanyň ýalan görnüşi

Tramp bu ýerde CrowdStrike kompaniýasyny göz öňünde tutdy. Kiberhowpsuzlygy hem-de hyzmat serwizini barlamak işlerini alyp barýan ol kompaniýa 2016-njy ýylda döwlüpdi. Ol kompaniýa Ukrainada däl, eýsem Kaliforniýada ýerleşýär. Kompaniýanyň eýesi ýerli ýaşaýja öwrülen amerikan graždanini, ol entek çaga wagtynda Russiýadan göçüp gelipdirler. (Öz gezeginde CrowdStrike kiberhüjümiň aňrysynda Ukraina däl, eýsem Russiýanyň durandygyny anyklady.)

Näme üçin Tramp hem onuň tarapdarlary ol işde Ukrainanyň yzyny görmek isledi? Amerikan razwedkasynyň käbir wekilleriniň aýtmagyna görä, Ak Tama şeýle netije çykarmak Moskwadan öwredilipdir.

"Bu Russiýanyň ýörite gulluklary tarapyndan ýaýradylan şol wakanyň ýalan görnüşi" diýip, Milli howpsuzlyk Geňeşiniň agzasy, hanym Fiona Hill Kongresde geçen impiçment diňlenişiginde aýtdy.

Razwedka gullugynyň üç wekili New York Times gazetine beren interwýularynda Fiona Hilliň ol sözüni tassykladylar. Gazet olaryň diýen sözüni sitirledi: "Russiýa indi köp wagtdan bäri 2016-njy ýylda Moskwadan gaýdan haker hüjümini Ukrainanyň üstüne ýüklemäge synanyşýar".

Donbasyň ilatynyň täzeden terbiýelenjekdigi" barada ýaýran habar

Rus telewideniýesi rus separatistleri tarapyndan Ukrainadan bölünen territoriýa Kiýewiň kontrollygyna geçen ýagdaýynda, ol ýerdäki graždan ilatyň garşysyna ediljek jenaýat barada gepleşik berdi. Orsýetiň döwlet telekanaly «Russiýa 1» programmasynyň alypbaryjysy Olga Skabeýewa teletomaşaçylara, hamana ukrain hökümeti tarapyndan düzüldi diýilýän ‘gizlin’ dokumenti görkezip, onda etniki hem dil arassalaýyşyň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.

“Eger gysgaça aýdylanda, Kiýew Donbassyň ilatynyň serhedine kontrollygy öz eline alan badyna arassalanyş işleriniň bolmagyna garaşylýar, deportasiýa bolar hem-de ol ýer tutuşlygana ukrainleşdiriler – diýip, Skabeýewa aýdýar. – Munuň özi örän ýönekeý: olaryň dilinde gepleýäňmi – galarsyň; gepläp bileňokmy – goşuňy ýygna, demirýol duralgasy, ondanam Orsýet, iň gowy bolanda şeýle ýagdaý ýüze çykar. Ýaramaz bolanda –adamlary zor bilen Lwowa göçürmek hem ol ýerde watançylar, banderaçylar tarapyndan ýaňadan terbiýelemek garaşýar. Ýagdaý şeýle”.

“Nastoýaşeýe Wremýa” telekanaly hem StopFake.org ukrain proýekti Donbassyň rus dilli ilatyny täzeden terbiýelemek, olary zor bilen göçürmek barada, Kiýewiň planlaryna degişli birnäçe saýtyň üstüni açypdyr. (Ol saýtlaryň köpüsi separatistlere degişli.)

Ukrainadaky SNBO-dan Alekseý Danilow beýle dokumentiň ýokdugyny aýdýar: “Russiýa feýk döretmegi dowam etdirýär. Olara ol ýerde aýdýan sözleri üçin nähilidir bir serişde gerek. Uly akmaklygy tapmak kyn bolsa gerek”.

Amerikan harbysynyň ýasama blogy

Amerikan harby instruktory ukrain soldatyny “emelsiz ýalta” atlandyryp, “pes intellektdigini” aýtdy. Ol ofiser hamana olaryň bilim derejesiniň pesligini, gysgançlygyny, para-peşgeşe daýanýandygyny ýazypdyr. Olar iňlis dilini öwrenmekden ýüz öwürýärler hem adatça serhoş bolup gezýärler.

Aslynda ukrain harbylary baradaky ol sözi nämälim troll ýazypdyr. Ýöne olar muny hamana podpolkownik Robert Treýsiniň şahsy blogyndan alyndy diýip görkezýärler. Ol harby Ukrainadaky Ýaworowe meýdanynda geçen Bilelikdäki köpmilletli türgenleşik toparynyň komanduýuşisi bolmaly. Bu teksti Orsýetiň ukrain bloklary çap etdiler. Hakykatda bolsa Birleşen topar bu blogyň ýasamadygyny aýtdy.

Az ýazgyly ol blog gaty basym ýok edildi.

Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň wekili Bogdan Senik bu ýalan blogyň öjükdiriji prowokasiýadygyny aýtdy. Waşingtondaky Jemestown fondunyň derňew merkezi: “Şol ýalan informasiýanyň mazmuny hem ýaýradylan wagty onuň maksadyny kesgitlemäge ynamly mümkinçilik döredýär; amerikan-ukrain gatnaşyklarynyň howpsuzlyk meselelerindäki gepleşikleriniň üznüksiz dowam edýän döwrüne gabat gelýär” diýen netijäni çykardy.

Greta Tunbergiň töweregindäki feýk tupanlary

2019-njy ýylda Şwesiýadan bolan 16 ýaşly Greta Tunberg ekologiýa hereketi tarapyndan ýokary çykaryldy. Ol BMG-de çykyş etdi, “Time” žurnaly ony ýylyň belli adamy atlandyrdy, şol wagtyň özünde ol sosial ulgamlaryň ýazgarmasyna duçar boldy hem feýk täzelikleriň gahrymanyna öwrüldi.

Greta Tunberg: “Her günde azyndan bir täze konspirologiýa (dildüwşük) teoriýasy ýüze çykýar”

Şeýle teoriýalaryň birinde aýdylyşyna görä, Tunberg – diňe çeper gahryman, onuň keşbini Estella Rene oýnaýar. (Snopes faktçeking-proýekt muňa ýalan diýýär) Gara meýilliler bolsa Gretany şwed hökümetiniň köpçüligiň ünsüni çekmek maksady bilen ulanylan oýnatgysy hasaplaýarlar. Politifact proýekti ýaş aktiwistiň suratyny täzeden işläp, “Yslam döwleti” diýilýän toparyň baýdagynyň öňünde onuň şekilini ýerleşdirdi ýa-da Jorj Soros ol gyzyň egninden tutup, döşüne basyp dur.

Giň ýaýran fotosuratlaryň birinde Tunberg göýä 1898-nji ýyldaky altyn gözleýjilere çalym edýär.

Aktiwist gyzyň garşysyna edilýän çykyşlar örän köp, ýöne diňe bir HDG (Hökümete degişli bolmadyk gurama - red.) haýsy lobbistik toparyň ony has köp paş etmäge işjeň gatnaşýandygyny kesgitlemäge çalyşdy. Tunbergiň özi Feýsbukda: “Her günde azyndan bir täze konspirologiýa (dildüwşük) teoriýasy ýüze çykýar” diýip ýazdy.

NATO-nyň bombalamagy sebäpli onkologiki keseller döredi diýilýän habarlar

Sentýabr aýynda Orsýet hem Serbiýa rak keselini barlamak hem ony bejermek pudagynda hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekdiler. Aslynda dawanyň döremegine hiç bir esas ýok ýerden, ýüzugra birnäçe serb tabolidleri – dawaly meseleleri gozgaýjylar şol programmanyň çäginde, 1999-njy ýylda öňki Ýugoslawiýadaky uruş wagtynda, NATO-nyň bombalamagyndan soňky dörän keselleriň öwreniljekdigini aýtdylar.

Ol ýaýradylan gürrüňi Russiýanyň Serbiýadaky ilçisi Aleksandr Botsan-Harçenko goldady. “Russiýa NATO-nyň bombalamagyndan soňky dörän ýagdaýy hem öwrenmäge taýýar, muny onkologiki keseller açyk görkezýär” diýip, ol ilçiniň özara ylalaşyga gol çekilen wagtynda aýdan sözüni Serbiýanyň “Блиц” gazeti habar berdi.

Birnäçe serb syýasatçysy hem aktiwistler şol bombalanyşlaryň soňraky netijeleriniň doly barlanmagyny talap etdiler, aýratyn-da güýçlendirilen urany bolan ýaraglaryň ulanylan ýerlerinde barlag geçirilmegini öňe sürdüler. Ýöne ondan häzirlikçe hiç bir netije ýok. Şol döwletara gol çekilen ylalaşygyň nusgasy Azatlyk Radiosynyň Balkan gullugynda bar, ýöne onda 1999-njy ýyldaky uruşda NATO-nyň alyp baran kampaniýasy hem onuň netijesinde adam saglygyna ýeten zyýany derňemek barada hiç bir ýerde agzalmaýar.

Diliň çolaşmagy hakdaky iş

Maý aýynda Wekiller Öýüniň spikeri Demokratik partiýadan bolan Nensi Pelosiniň gysgajyk wideosy sosial ulgamda peýda boldy. Nensi Pelosi gürläninde, dili çolaşýan ýaly bolaýar.

Bu näme – serhoşlukmy, dermanyň täsirimi ýa-da ýarawsyzlyk?

Bularyň hiç birisi-de däl eken. Wideodaky hereket haýalladylansoň, ses üýtgäpdir. Netijede, Pelosiniň sesi-de, hereketi-de ýoýulypdyr.

Politics WatchDog topary tarapyndan Feýsbukda goýlan ol wideo millionlarça adam tomaşa etdi. Kommentatorlar Nensi Pelosi “agyr serhoş” hasap etdiler. Esasy media serişdeleri ol ýasamalygy aýyrmagy talap etdiler, ýöne Feýsbuk “özlerinde ony goýujylardan wideonyň hakyky bolmagyny talap etmäge hukugyň ýokdugyna” salgylanyp, mundan ýüz öwürdi. (Ýylyň ahyrynda ol kompaniýa öz düzgünini özgertdi)

Galplaşdyrylan wideo köplenç ýagdaýda tehniki ýalançylyga öwrülip barýar. Deepfake tehnologiýasy esasynda döredilen wideoda ýasama adamy real şekiller bilen özgertmek, ony näme isleseň şony gepleýän adam etmek mümkin. Ýöne Pelosiniň ýeňiljek özgerdilen wideosyndan görnüşi ýaly, bir adamy abraýdan düşürmek üçin, örän sada usuly ulansaň-da boljak eken.

Porno häsiýetli harby jenaýat

Maý aýynda Kosowada parlament saýlawlarynyň öňüsyrasynda, Serbiýanyň harby jenaýatlary hakda bir deputat žurnalistlere fofosurat görkezdi. Onuň sözüne görä serb soldatlary alban aýalyny zorlaýar. Ýöne onlaýn-gözlegi onuň bir pornofilmden alnan şekildigini tassyklady. Megerem, ol Yrak urşy döwrüne degişli bolan aýal zorlama şekilidir.

Bu ýagdaý Kosowada köp adamy tolgundyrdy. Birnäçeler munuň 1998-1999-njy ýyllaryň urşy döwründe bolan seksual zorlugy öjükdirer diýip howatyr etdi. Resmi çeşmeler hem-de garaşsyz guramalar Kosowanyň 20 000 müň çemesi ilatynyň serb harby güýçleri tarapyndan, seksual zorluga duçar bolandygyny aýtdylar.

Ýörite prokurorlar derňew işine başladylar. Ol deputat Flora Browina fotosuraty bir aktiwistiň berendigini aýtdy. Onuň tassyklamagyna görä, suratdaky zorluk pidasy şindizem Kosowada ýaşaýandygyny mälim edipdir. Browina seksual zorluga duçar bolandan hem onuň maşgalasyndan açyk ötünç sorady hem fotografiýanyň dogrulygyny barlamadygy üçin öz günäsini boýun aldy.

Putiniň uniwersal robotlary

Prezident Wladimir Putin Suworow uçilişesiniň kursantlarynyň döreden “rus harby robotlaryny gördi” diýip, RIA Nowosti gullugy habar berdi. Prezidente görkezilen “oýlap tapyşlygyň” wideosy çap edildi.


Ýöne garaşsyz internet-gazeti Znak ol robotlary uçilişäniň okuwçylarynyň däl, umuman, orsýetlileriň oýlap tapmadygyny aýtdy. Sosial ulgamy peýdalanyjylar şoňa meňzeş koreý oýunjaklarynyň bardygyny Amazondan tapdylar.

Ýalan maglumatlara garşy göreşiji Ýewropa proýekti Kreml tarapyndan goldanylýan robot bilen baglanyşykly reportažyň ilkinji ýalançylyk däldigini aýdýar. Geçen ýyl Russiýa -24 telekanaly Boris atly “örän ýokary tehniki ukyby bolan robotyň” mekdep okuwçylary bilen tans edendigini görkezdi. Soňra görülse, Boris robot eşigine giren adam eken.

Brýusseldäki çaga söwdasynyň ýarmarkasy

“Bütin dünýäniň geýleri “janly harytlary” bilen Brýusseldäki ýarmarka gelipdirler, olar özlerine çaga satyn aljaklar. Eger pul bolsa satylýan çaga tapylýar” diýip, NTW telekompaniýasy habar berdi.

Ol reportažda tassyklanyşyna görä, Brýusselde geçen sentýabr konferensiýasyna gatnaşjaklar çaga satyn alyp bilerler. Hakykat ýüzünde ol çäre geý-ýoldaşlaryň arasynda gatnaşygy ýola goýmagy hem-de surrogat enelik mümkinçiligine bagyşlandy. (Surrogat enelik, ýagny hakyky bolmadyk enelik Russiýada hem Ýewropada açyk ýagdaýdadyr. Ýöne çaga satmak gadagan.) Russiýanyň NTW kanaly bu konferensiýa diňe baýlar üçin gurulýandyr diýip howatyr edýär. Aslynda onuň guramaçysy Men Having Babies fondy bolup, olar öz hyzmatyny bir çaganyň hossary bolmak isleýän geýlere kömek bermegi, şol sanda maliýe taýdan ýardam etmegi göz öňünde tutýar.

EU Vs. Disinfo proýekti ol reportažy faktlary bulaşdyrmak hem tomaşaçylarda güýçli ýigrenji döretmek maksady bilen döredilen ýalan maglumat atlandyrdy. Bu Orsýetiň “ahlak hem gylyk-häsiýet babatynda çüýräp barýan Günbatar” hakda nobatdaky guraýan çekişmesiniň bir bölegi diýip baha berdi.

Estoniýanyň gomoseksual derejesiniň teoretiki we praktiki taýdan öwrenilişi

Peterburgyň “Bäşinji kanaly” hem LGBT toparyna hüjüm etdi. Telewideniýede aýdylyşyna görä, Estoniýa “sosial” hem “ahlak basybaljylygynyň” pidasy bolupdyr. Tallin bolsa “skandinaw geýleriniň paýtagtyna” öwrülipdir. Ol reportažda aýdylyşyna görä, “Estoniýanyň paýtagtyny geýleriň artmagyndan indi saklap bilmeseler gerek... Häzir bu Estoniýada ýörgünli, ol bolsa Ýewropanyň soňky meýillerine laýyk gelýär”.

“Bäşinji kanalyň” žurnalisti Estoniýada ahlagyň pese düşýändigini özüniň aktiwist hökmünde Tallin uniwersitetinde geçen LGBT wekillerine degişli konferensiýa gatnaşanda göz ýetirendigini aýtdy. “Şonda diňe teoriýa däl, praktikanyň hem bardygyny bildim” diýip, ol meseleler barada diňleýjilere gürrüň berýär. Ol seminary guran ýolbaşçy Estoniýanyň Postimees gazetinde maslahatda praktiki elementleriň hakykatdanam bolandygyny aýtdy: LGBT jemgyýetiniň wekili gaýtadan sorag bermek arkaly meseläni anyklaşdyrmak isläpdir.