Hazaryň kenaryndaky “Awazanyň” kongresler merkezinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bu ýere iş saparyna gelen özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi diýip, TDH habar berýär.
"Başa-baş" duşuşykda we delegasiýalaryň gatnaşmagyndaky gepleşiklerde türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň dürli meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygy habar berilýär.
Neşiriň maglumatyna görä, iki goňşy döwletiň ýolbaşçylary syýasy ugurdaky hyzmatdaşlyk, hususan-da halkara guramalarynyň çägindäki gatnaşyklar, şeýle-de sebitde we aziýa kontinentinde durnuklylygy we parahatçylygy pugtalandyrmak meselelerine üns beripdirler.
“Owganystandaky ýagdaýlary kadalaşdyrmak gepleşikleriň aýratyn bir temasy boldy” diýip habarda aýdylýar. Emma liderleriň bu meselede anyk nämäni maslahatlaşandygy we olaryň edil şu günki günde bu meselä näme üçin ýüzlenendigi anyklaşdyrylmaýar.
Şeýle-de prezidentler söwda-ykdysady, energiýa, transport-aragatnaşyk, ekologiýa meselelerinde hyzmatdaşlygy giňelmek barada maslahat etdiler.
Bu Özbegistanyň prezidentiniň goňşy ýurda ýakyn wagtda edýän ikinji saparydyr, ol öň Türkmenistanda mart aýynda bolupdy.