"Türkmentelekom": Internet arzanlaýar, hil pesligine galýar

"Türkmentelekomyň" Aşgabatdaky operatorlary

“Türkmentelekom” 1-nji fewraldan özüniň ADSL tehnologiýasy arkaly hödürleýän internet aragatnaşygynyň “Öý üçin internet” hyzmatynyň täze limitsiz tarif planyny girizýändigini habar berdi.
Täze tarif plany boýunça sekuntda 128 kbit tizlikli internet aragatnaşygy üçin her aýda 100 manat, sekuntda 256 kbit tizlikli ADSL internet aragatnaşygy üçin bolsa aýda 250 manat tölemeli.
Mundan ozal Döwlet eýeçiligindäki “Türkmentelekomyň” öý üçin berýän ýeke-täk limitsiz internet tarifi bardy we sekuntda 512 kbit tizlikli şol limitsiz internet üçin her aýda 600 manat abonent tölegini tölemelidi.
“Türkmentelekom” kärhanasy ýokary tizlikli internet tariflerini hem hödürleýär. Bu internet tarifleri diňe edara derejesindäki taraplara hödürlenip, olaryň tizligi sekuntda 1 mbitden 10 mbit tizlige çenli ýetýär. Olaryň bahasy internet aragatnaşygynyň tizligine görä 2500 manatdan 13900 manada çenlidir.
Daşary ýurt mediasynda limitsiz internediň “Türkmentelekom” tarapyndan kesgitlenýän bu nyrhlary Türkmenistanda internediň ilat köpçüligine elýeterli bolmazlygy üçin emeli döredilýän böwetleriň biri hökmünde görkezilýär.

Müşderi azlygyna galýar
“Türkmentelekomyň” şol gymmat tariflerinden çen tutup aýtsak, täze girizilen tarifler arzan ýaly hem bolup görünýär. Belli bir derejede bu kärhananyň müşderileriniň sany hem köpeläýjek ýaly. Ýöne, muňa garamazdan, bu täze tarifler bu edaranyň müşderilerini o diýen köpeltmändir.
Bu edaranyň adynyň efirde tutulmagyny islemedik işgäri hem munuň şeýledigini tassyklaýar.
“Biziň hödürleýän internet hyzmatlarymyzyň bahasy elýeterli ýaly hem bolsa, onuň hili o diýen ýokary däl. Sekuntda 128 kbit internet tizlik häzirki zaman üçin örän pes tizlik” diýip, “Türkmentelekomyň” işgäri aýdýar.
“Türkmentelekomyň” müşderileriniň azlygy diňe bir onuň tarif planlarynyň elýeterli däldigi bilenem bagly däl. Bu kärhananyň täze müşderilerini ADSL internet hyzmatyna birikdirmek mümkinçiligi hem çäkli. Paýtagtyň käbir raýonlarynda bolsa ADSL internet aragatnaşygyna birikdirilip bolýanam bolsa, onuň hili örän pes.

Internediň hili
Bu kärhanananyň işgärleri paýtagtyň telefon liniýalarynyň köneligi sebäpli adaty telefon liniýalar arkaly çekilýän ADSL internet aragatnaşygynyň hiliniň görnetin peselýändigini aýdýarlar. Mysal üçin, paýtagtyň ”Hitrowka”, ”Posýolka” ýaly raýonlarynda ADSL internet aragatnaşygyna birigip bolýar. Emma onuň hili örän pes.
“Diňe web-saýtlary açmaga mümkinçilik berýär. Olary-da ep-esli wagt garaşyp açyp bolýar. Skype arkaly gürleşmek ýa-da wideo gepleşigini geçirmek barada gürrüňem ýok” diýip, Aşgabadyň ”Posýolka” diýip atlandyrylýan raýonynyň ýaşaýjysy Ýagmyr gürrüň berýär.
Paýtagtyň Parahat we 30-njy mikroraýon ýaly telefon liniýalary täzelenen raýonlarynda hem köplenç halatda bu kärhananyň kepil geçýän internet tizligi ýok. Internet aragatnaşygynyň bölünmegi ýa-da peselmegi ýaly näsazlyklaryň adaty ýagdaýdygy barada aýdýan müşderiler az däl.

Beýleki kompaniýa
Ýurtda ADSL internedini hödürleýän ýeke-täk prowaýder bolan ”Türkmentelekom” bu monopoliýa statusyny ýitirdi. Geçen ýylyň ikinji ýarymyndan başlap paýtagtyň AşTU, ýagny ”Aşgabadyň telefon ulgamy” atly döwlet edarasy abonent töleginiň bahasy aýda 100 manat bolan sekuntda 128 kbit tizlikli limitsiz ADSL internet hyzmatyny hödürläp başlady.
Ýaňy-ýakynda bolsa AşTU edarasy her aýda 250 manat abonent tölegli sekuntda 256 kbit tizlikli limitsiz ADSL internet hyzmatyny hödürleýändigini habar berdi. Şu nukdaýnazardan ”Türkmentelekomyň” 1-nji fewraldan girizen täze limitsiz tariflerine bu iki döwlet kärhanasynyň özara bäsleşiginiň netijesi hökmünde garaýanlar hem bar.
Emma bu bäsleşigiň hödürlenýän hyzmatlaryň hiliniň ýokarlanmagyna getirerden ýa-da olaryň ilat köpçüligine has elýeterli bolmagyny üpjün ederden häzirlikçe derejesi görnetin pes.