Mikroraýonyň öňündäki agaçlary goparýarlar
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Ýakynda paýtagt Aşgabadyň altynjy mikroraýonynda ýerleşýän käbir jaýlaryň öňündäki bag agaçlaryny, jaý eýelerinden birugsat aýyrdylar. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan ýaşaýjylar, şäher häkimligi tarapyndan amala aşyrylan bu çäre hakda resmi taýdan hiç hili düşündiriş berilmändigini, bag üçin bolsa, jaý eýeleriniň hökümete ýyllyk töleg edýändigini aýtdylar.