Dynç alyş möwsümi dowam edýär. Şu günler Türkmenistanyň dynç alyş zolaklarynda, şol sanda Awazada dynç alýanlaryň sanynyň hasam köpdügi barada habar berilýär. Şol bir wagtda-da daşary ýurtlarda dynç almagy halaýan türkmenistanlylar hem az däl. Muňa näme sebäp bolýär?
Azatlyk Radiosy Türkiýäniň Antaliýa kurortynda dynç alýan türkmenistanly Aýna bilen söhbetdeş boldy.