Şu günler paýtagt Aşgabadyň Teke bazarynda ýerleşýän awtobus duralgasyndaky üýşmeleň toý märekesini ýatladýar. Bu awgust aýynyň bir aýlyk awtobus peteklerini satyn almak üçin dörän nobat.
Bu indi Türkmenistanda dürli edaralaryň öňünde däbe öwrülen nobatlardan diňe biri.
Ýok ýerden döredýän nobatlar
Öňler bu petekleri islendik awtobus duralgasynda diýen ýaly satyn alyp bolýardy. Häzir bolsa olary diňe awtobuslaryň iň soňky duralgalarynda ýa-da, il içinde aýdylşy ýaly, “koneçnyý ostanowkalarynda” satyn alyp bolýar.
Bu girizilen täze düzgün awtobuslaryň şol soňky duralgalarynda uly nobatlary döretdi. Awgust aýynyň golaýlamagy bilen bir aýlyk peteklerini almak üçin nobata durýan adamlaryň sany hem göz-görtele artdy.
Bu düzgüniň girizilmeginiň sebäbi barada resmi taýdan hiç hili düşündiriş berilmedi. Emma howanyň aşa yssylygy nobata duran pensionerlere has-da agyr düşýär.
“Ýarym sagatdan hem köp wagt günüň aşagynda durmaly bolýar. Öň petekler ýönekeý duralgalarda satylanda, munuň ýaly nobatlar bolanokdy” diýip, Aşgabadyň Teke bazaryndaky “soňky” awtobus duralgasynda nobatyna garaşyp duran pensioner Gylyç aga aýdýar.
Awtobus petekleriniň nobaty soňky döwürlerde paýtagt Aşgabatda dörän nobatlaryň diňe biri.
Möhür nobaty
Ýakynda Aşgabadyň öňki Azatlyk we Nyýazow adyndaky etraplarynyň atlarynyň çalşylmagy netijesinde bu etraplaryň ýaşaýjylary indi ep-esli wagt bäri öz pasportlarynyň propiska baradaky möhürini täzelemek üçin şol etraplaryň polisiýa bölümleriniň pasport stollarynyň öňünde nobata durýarlar.
Bu başagaýlygyň döremeginiň sebäbi pensiýa hem-de kömek pullarynyň diňe pasportlarynda täze möhüri bolan ýaşaýjylara beriljekdigi baradaky gürrüňler bilen bagly. Ýagdaý şeýle bolansoň, adamlar daň bilen nobata durmak üçin gelýärler. Ýörite düzülýän sanawda atlaryny belledip, nobatlaryna garaşýarlar.
“Ir bilen gelseň, öýlän sagat 4-e çenli nobatyň ýetýär” diýip, nobata duran 32 ýaşly Oraz gürrüň berýär.
Migrasiýa gullugyndaky nobatlar
Paýtagt Aşgabatdaky beýleki bir yzy üzülmeýän nobat bolsa Migrasiýa gullugynyň binasyndaky nobat. Bu ýerde täze biometrik pasporty aljak adamlar gerekli resminalamalary tabşyrmak üçin nobata durýarlar.
Bu edaranyň, üsti nobatly beýleki döwlet edaralaryndan tapawutlylykda, nobaty düzgünleşdirmek üçin ýörite elektron sistemasy bar. Ozal her bir adam, ýörite enjamyň ýanyna baryp, ondan nobat belgisi görkezilen petegi alyp, kabul edilýän haýsy penjirede öz peteginiň nomeri ýansa, şol penjirä barýardy.
”Barýardy” diýmegimiň sebäbi, bu elektron enjam hem soňky birnäçe günden bäri işlemänsoň, bu edarada adamlar nobat belgisini almak üçin atlaryny ýazdyrmaga bir gezek, nobat belgisini almak üçin ýene bir gezek, belgini alyp dokumentleri tabşyrmak üçin hem ýene bir gezek nobata durmaly bolýarlar.
"Gijelerine gelmeli bolýar"
Nobata duran käbir adamlaryň aýtmaklaryna görä, nobat belgisini almak üçin gije sagat 21:00-da Migrasiýa gullugynyň binasyna baryp, ýörite sanawda adyňy belletmeli. Şondan soň gije sagat 1-2 töwereklerinde ýene-de Migrasiýa gullugynyň binasyna baryp, nobat sany ýazylan petegi alyp gaýtmaly.
Ondan soň ertesi güni dokumentleri tabşyrmak üçin hem ýene bir gezek şol edara barmaly. Bu kösençlige sebäp bolýan enjamyň nädip döwlendigi we onuň haçan oňaryljagy barada bolsa degişli resmiler takyk maglumat bermeýärler.
Şol bir wagtyň özünde-de, ýurduň islendik uly şäherlerinde bolşy ýaly, paýtagt Aşgabadyň otly wokzalynda, şeýle-de howa ýollarynyň biletleri satylýan edaralarynyň öňündäki nobatlar ýylyň-ýylyna dowam edýär. Tomus aýlarynda bolsa bu nobatlar hasam uzaýar.
Bu nobatlaryň häzirki yssy günlere gabat gelmegi bolsa adamlaryň kynçylyklaryny hasam artdyrýar.

Teke bazaryndaky petek nobaty, 30-njy iýul, 2013.

"Berkararlyk" etrabynyň pasport edarasynyň öňündäki nobat, Aşgabat, 30-njy iýul, 2013.
Emma Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir raýatlar, pasport stolunyň işgärleri bilen “ylalaşyp”, nobata durman hem pasporta möhür basdyryp bolýandygyny aýdyp, bu işde parahorlugyň bardygyna ünsi çekýärler.Migrasiýa gullugyndaky nobatlar
Paýtagt Aşgabatdaky beýleki bir yzy üzülmeýän nobat bolsa Migrasiýa gullugynyň binasyndaky nobat. Bu ýerde täze biometrik pasporty aljak adamlar gerekli resminalamalary tabşyrmak üçin nobata durýarlar.
Bu edaranyň, üsti nobatly beýleki döwlet edaralaryndan tapawutlylykda, nobaty düzgünleşdirmek üçin ýörite elektron sistemasy bar. Ozal her bir adam, ýörite enjamyň ýanyna baryp, ondan nobat belgisi görkezilen petegi alyp, kabul edilýän haýsy penjirede öz peteginiň nomeri ýansa, şol penjirä barýardy.
”Barýardy” diýmegimiň sebäbi, bu elektron enjam hem soňky birnäçe günden bäri işlemänsoň, bu edarada adamlar nobat belgisini almak üçin atlaryny ýazdyrmaga bir gezek, nobat belgisini almak üçin ýene bir gezek, belgini alyp dokumentleri tabşyrmak üçin hem ýene bir gezek nobata durmaly bolýarlar.
"Gijelerine gelmeli bolýar"
Nobata duran käbir adamlaryň aýtmaklaryna görä, nobat belgisini almak üçin gije sagat 21:00-da Migrasiýa gullugynyň binasyna baryp, ýörite sanawda adyňy belletmeli. Şondan soň gije sagat 1-2 töwereklerinde ýene-de Migrasiýa gullugynyň binasyna baryp, nobat sany ýazylan petegi alyp gaýtmaly.
"Berkararlyk" etraby, möhür nobaty, Aşgabat, 30-njy iýul, 2013.