Geçen hepdäniň anna güni Türkmenistanyň harby bolmadyk ýokary okuw jaýlaryna okuwa kabul etmek kampaniýasy yglan edildi. Şu ýyl ýurduň ýokary okuw jaýlaryna 6100 sany oglan-gyz okuwa kabul ediler. Netijede okuwçy sany geçen ýylky bilen deňeşdireniňde 334 adam köpeler.
Emma...
Ýöne ýaşlar okuw orunlarynyň köpeldilişiniň entek ýeterlik däldigini aýdýarlar. Aşgabatly 22 ýaşly Azat ýokary okuw jaýlarynda okuwçy orunlarynyň artdyrylýandygy baradaky habaryň gowudygyny, ýöne munuň entek ençeme ýyllap toplanan agyr problemany çözerden has ejizdigini belleýär.
Onuň pikiriçe, ýokary okuw jaýlaryna kabul edilýänleriň sanynyň her ýyl köpeldilýändigine garamazdan, entek ýokary okuw jaýlaryna kabul edilýänleriň sany örän az.
Azat Azatlyk Radiosyna bu hakda şeýle gürrüň berdi: “Her ýyl ýokary okuw jaýlaryna kabul edilýänleriň sany has köpeldiler diýip umyt edýäris. Emma her gezek olaryň sany bary-ýogy üç-dört ýüz adam köpeldilýär”.
Türkmenistanda her ýyl 100 müňe golaý okuwçynyň mekdebi tamamlaýandygyny göz öňünde tutsak, Azadyň aýdýanlary bilen ylalaşmazça hem däl. Mundan başga-da, Azat ýaly, mekdebi öňki ýyllarda tamamlan, emma ýokary okuw jaýlaryna ozal girip bilmedik türkmenistanly ýaşlar hem az däl.
Daşary ýurt
Şonuň üçin ýurduň ýokary okuw jaýlaryna okuwa girip bilmedik türkmen ýaşlary daşary ýurtlara okamaga gitmeli bolýarlar. Döwlet tarapyndan her ýyl türkmenistanly ýaşlaryň 2 müň töweregi daşary ýurda okuwa iberilýär.
Öz maliýe serişdeleri bilen daşary ýurtlara okamaga gidýänleriň sany barada anyk statistiki maglumatlaryň ýoklugyna garamazdan, käbir bilim işgärleri olaryň sanynyň 6 müňden geçýändigini aýdýarlar.
Emma şu ýyl mekdebi tamamlan ýaşlaryň daşary ýurda okamaga goýberilmejekdigi barada hem tassyklanmadyk gürrüňler bar. Munuň sebäbi indiki ýyl mekdebi tamamlaýan ýaşlaryň bolmajakdygy bilen düşündirilýär.
“Ýurtda orta bilim möhletiniň 12 ýyla getirilmegi sebäpli indiki ýyl orta mekdebi tamamlaýan uçurymlar bolmaz. Häzirki 10-njy klas okuwçylary ýene-de bir ýyl okap, mekdebi tamamlarlar. Şonuň üçin indiki ýyl harby gulluga gitjek ýaşlaryň sany azalýar” diýip, adynyň efirde tutulmagyny islemedik bilim işgäri aýtdy.
Şu ýyl mekdebi tamamlan mekdep okuwçylarynyň, hususan-da oglanlaryň, daşary ýurda okamaga goýberilmejekdigini Ukrainada okaýan 4-nji kurs studenti Maksat hem tassyklaýar.
Ol şu ýyl mekdebi tamamlan garyndaşyna öz okaýan ýokary okuw jaýyndan çakylyk iberipdir. Emma onuň garyndaşy daşary ýurda gitmek üçin gerek bolan dokumentleri düzedip ýörkä, onuň daşary ýurda goýberilmejekdigini aýdypdyrlar.
“Harby komissariatda 1996-njy ýylda doglanlar daşary ýurda goýberilenok diýipdirler. Indiki ýyl harby gulluga çagyrylýan ýaşlaryň sanynyň azdygyny aýdypdyrlar” diýip, Maksat gürrüň berýär.
Harby gulluk
Şeýle-de, ildeşlerimiziň aýtmaklaryna görä, daşary ýurtlarda hususy ýa-da gaýybana ýokary okuw jaýynda okaýanlar hem harby gulluga iberilýär.
Maksat bu barada şeýle diýýär: “Harby komissariatda daşary ýurtlaryň diňe döwlete degişli we gündizki bölümlerinde okaýan studentler harby gullukdan wagtlaýynça boşadylýar”.
Ukrainada okaýan türkmen studenti Maksat Azatlyk Radiosyna öz hasabyna daşary ýurtlaryň hususy ýokary okuw jaýlarynda okajak ýa-da okaýan ýaşlaryň ýurduň Bilim ministrliginde hasaba hem alynmaýandygyny gürrüň berdi.
“Diňe daşary ýurt ýokary okuw jaýlarynyň döwlete degişli we gündizki bölüminde okaýan studentler Bilim ministrliginde hasaba alynýar. Gaýybana we hususy ýokary okuw jaýynda okaýanlar bolsa ýok ýaly” diýip, Maksat öz pikirini beýan edýär.
Diplomlaryň ykrar edilmegi
Ildeşlerimiz hususy we gaýybana daşary ýurt ýokary okuw jaýlaryny tamamlan türkmen ýaşlarynyň Türkmenistanda diplomlaryny ykrar etdirmegiň hem kyndygyny gürrüň berýärler.
“Olaryň köpüsiniň diplomlary asla ykrar edilmeýär. Diňe Bilim ministrliginiň ýörite sanawynda bar bolan käbir hususy daşary ýurt ýokary okuw jaýlaryny tamamlanlaryňky ykrar edilýär” diýip, Ukrainada okap ýören student Maksat Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
Ýokarky maglumatlary ýurduň degişli edaralary tarapyndan tassykladyp bolmady.
Her ýyl ýurduň ýokary okuw jaýlaryna kabul edilýän ýaşlaryň sanynyň birneme artdyrylýandygyna garamazdan, türkmen ýaşlarynyň müňlerçesi daşary ýurtlara okamaga gitmeli bolýarlar. Emma olaryň ählisiniň bu ugurdaky tagallalary netijeli bolýar diýmek asla mümkin däl.