1941-45-nji ýyllar aralygynda Beýik Watançylyk urşunyň 70-i ýyllygyny bellemek baradaky beýanatyň taslamasyna ilkinji nobatda garalar diýlip garaşylýar. Dokumentiň agza döwletleriň wekilleri bilen maslahatlaşylyp, onda ýetip gelýän baýramçylygyň juda möhümligi nygtalýandygy aýdylýar.
Sammitiň dowamynda geljek 2013-nji ýyly “GDA-da Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak ýyly” diýip atlandyrylmagyna hem garaşylýar.
Habar serişdelerinde ýerleşdirilen maglumata görä, gepleşikleriň netijesinde GDA-nyň Ykdysady sudunyň wekiliniň kandidaturasy tassyklanar, GDA döwletleriniň terrorçylyga garşy Merkeziniň başlygy hem belleniler.
Şeýle-de sammite gatnaşýan ýokary derejeli resmiler öz aralarynda hem ençeme ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirerler.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
GDA-nyň ýolbaşçylary Aşgabatda duşuşýar
“Kyivpost” web saýtynda ýerleşdirilen maglumata görä, 2011-nji ýylda GDA döwletleriniň arasyndaky söwda dolanyşygy 281 milliard dollara deň bolupdyr. Bu görkeziji 2010-njy ýyl bilen deňeşdirlende 36% ýokarydyr.
GDA-nyň sammiti Aşgabatda eýýäm ikinji gezek geçirilýär. 1993-nji ýylyň dekabrynda Gurama agza döwletleriň baştutanlary, postsowet giňişligindäki ykdysady integrasiýa meselelerini ara alyp maslahatlaşypdylar.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy guramasy 1991-nji ýylyň dekabr aýynda esaslandyrylypdy. Baş edarasy Belarusyň paýtagty Minskde ýerleşýän bu guramanyň düzümine 11 ýurt girýär.
Türkmenistan 2005-nji ýylda guramanyň hemişelik agzalygyndan çykyp, onuň düzüminde assosirlenen agza hökmünde galdy.
2013-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda, GDA-nyň geçiji başlyklygy Türkmenistandan Belarusa berler.