12-nji ýanwarda Türkmenistan Hatyra gününi belledi. Watan ugrunda wepat bolanlaryň hatyrasyna sadakalar berildi, aýat-töwir okaldy. Esasy çäre, adatda bolşy ýaly, döwlet baştutanynyň hem hökümet agzalarynyň, mejlisiň deputatlarynyň gatnaşmagynda Gökdepde geçirildi. Şeýle sylag-hormat diri gezip ýörenlere gerek dälmi?
Gökdepe söweşiniň şehitleriniň Hatyra gününe siňdirilen mümkinçilikler heniz türkmen jemgyýeti tarapyndanam, häkimiýetleriň özi tarapyndanam doly açylmady. Elbetde, Hatyra gününiň baş mukaddesligi Gökdepe galasynda wepat bolanlaryň ruhunyň öňünde baş egmek, olary ýatlamak hem hormat goýmak.
Şol şehitler kolonial gulçulygy ret edip, azatlygy saýlapdylar. Şol döwürde azatlyk ölüm bilen, başyňy gurban etmek bilen deňdi, gökdepeliler şony-da saýlap aldylar. Olar halkyň hakydasynda ölmediler, şol wakadan 130 ýyl geçensoňam, halk patyşa goşunlarynyň aýylganç rehimsizlik bilen gyran aýallarynyň, çagalarynyň, garrylarynyň, batyr ýigitleriniň hatyrasyny tutup, ilat köpçüligi olaryň ruhunyň önünde baş egýär.
Öz gahrymanlaryna açyk hormat goýmak mümkinçiligine türkmenler ýurt garaşsyz bolansoň, eýe boldular. Şol şehitler bilen uzak wagt aralykdaky mukaddes baglanyşykda köpçülikleýin watançylygy ösdürmek üçin doly hasaba alynmadyk hem doly ulanylmadyk ýene bir mümkinçilik bar.
Häkimiýetiň özi halk bilen birleşdi
Hatyra güni hakyky döwlet hadysasy boldy. Ýurduň azatlygy ugrunda wepat bolanlary hatyralamak meselesinde häkimiýetiň özi halk bilen birleşdi. Bu hakykatdan-da möhüm birleşik. Ýöne şol hatyralama, hormat diňe bir merhumlar bilen bagly bolmasa ýagşy. Şol mukaddes watançylyk duýgusy hem aýawlylyk ýurtda diri gezip ýören watandaşlar bilen bagly dowam etdirilip bilnerdi.
Gökdepeli şehitlere bildirilýän inçe hem ýürekdeş duýgyny watandaşlar bilen bagly-da bildirmekde häkimiýetlere näme päsgelçilik döredýär ýa-da arada nähili böwet bar? Ykbalyň türkmenleri eljireden ýeri barmy? Heý, olaryň durmuşynyň ýeňil bolan wagty, erkin dem alan wagty bolupmydy? Näme üçin olar häkimiýetler tarapyndan duýgudaşlyga hem goldawa mynasyp däl?
Iş ýüzünde bu nähili - diriler özlerine mertebeli gatnaşyk üçin mynasyp işler edýänem bolsa, olara hormat-sylag edenden merhumlary hatyralamak ýeňil bolup çykýar. Eger her bir türkmenistanla haýsydyr bir gural, uly mehanizmiň bir bölek şaýy hökmünde däl-de, deňhukukly watandaş, graždan hökmünde garalsa, olardan geljekde köp gowy işlere garaşmak bolar. Şonda olar häkimiýetleriň çagyryşlaryna uly joşgun hem höwes bilen jogap bererler. Türkmenleriň gahrymançylyga taýýardygyny gökdepeliler görkezdi, subut etdi ahyryn! 130 ýyl mundan öň Orsýet goşunlary türkmenleriň nähili pida berip bilýändigine haýran galypdylar.
Halkyň şunuň ýaly agzybirliginiň hem gaýduwsyzlygynyň hiç ýere ýok bolup gitmeýändigini adamzat taryhynyn tejribesi görkezýär. Ol genetik kodlar arkaly nesilden-nesle geçýär. Taryhy mümkinçiliklerine görä, öz graždanlarynyň olary aýap, mundan beýlägem gorap saklamagy üçin halkyň mertebesini ýokary götermek ýolbaşçy wezipede oturanlara başardarmy? Eger bu başartmasa, gaty bir geň zat - häkimiýetiň öz halkyny özünden ogurlamak ýagdaýy döremezmi?
Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.