Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina garşy uruşda Demirgazyk Koreýanyň 600 harbysy heläk boldy – Günorta Koreýa


Demirgazyk Koreýanyň lideri Kem Çen Yn harbylar bilen
Demirgazyk Koreýanyň lideri Kem Çen Yn harbylar bilen

Ukraina garşy uruşda Demirgazyk Koreýanyň 600-e golaý esgeri öldi. Bu maglumat Günorta Koreýanyň parlamentinde Milli aňtaw gullugynyň wekilleriniň geçirilen brifingden soň, deputatlar tarapyndan mälim edildi diýip, “Reuters” we “Ýonhap” agentlikleri habar berýär.

Aňtaw gullugynyň maglumatyna görä, Demirgazyk Koreýanyň söweşdeki jemi ýitgileri 4 müň 700 esgeri geçýär. Munuň 4 müňden gowragynyň dürli derejedäki ýaralanmalar bilen baglanyşyklydygy bellenilýär.

Parlament agzasy Li Son Kwon şu ýyl Russiýada ýerleşen demirgazyk koreýaly harbylaryň takmynan 2 müňüsiniň yzyna, ýurda gaýtarylandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, Demirgazyk Koreýanyň Russiýadaky harby kontingentiniň umumy sany 15 müň adama ýetýär.

Şeýle hem, Li Son Kwon käbir halatlarda heläk bolan esgerleriň jesetleriniň Kursk oblastynda ýakylandygyny we olaryň külleriniň soňra Demirgazyk Koreýa iberilendigini aýtdy.

Geçen hepde Moskwa hem-de Phenýan Demirgazyk Koreýanyň harbylarynyň Russiýanyň Kursk oblastyndaky söweşlere gatnaşandygyny resmi taýdan tassykladylar.

Demirgazyk Koreýanyň harbylarynyň Russiýa iberilendigi we olaryň söweşlere gatnaşýandygy baradaky maglumatlar geçen ýylyň güýzünden bäri Günbatar ýurtlarynyň we Günorta Koreýanyň aňtaw gulluklary tarapyndan habar berildi.

XS
SM
MD
LG