Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina, ABŞ Dikeldiş maýa goýum gaznasyny döredýän minerallar ylalaşygyna gol çekdi


ABŞ-nyň gazna sekretary Skott Bessant we Ukrainanyň premýer-ministriniň birinji orunbasary Ýuliýa Swiridenko ylalaşyga gol çekýär.
ABŞ-nyň gazna sekretary Skott Bessant we Ukrainanyň premýer-ministriniň birinji orunbasary Ýuliýa Swiridenko ylalaşyga gol çekýär.

Birleşen Ştatlar we Ukraina ABŞ-nyň Ukrainanyň gymmat bahaly minerallaryna elýeterliligini üpjün etmek baradaky şertnama gol çekdi, Ukraina bu şertnamanyň Russiýa bilen alyp barýan urşunda Amerikanyň Kiýewe berýän goldawyny dowam etdirmegini üpjün etmegine umyt baglaýar.

Ylalaşyk ABŞ-Ukraina Dikeldiş maýa goýum gaznasyny döredýär. ABŞ-nyň Gazna departamentiniň aýtmagyna görä, bu gazna “iki ýurda hyzmatdaşlykda işläp, [iki ýurduň] umumy baýlyklaryny, zehinlerini we mümkinçiliklerini Ukrainanyň ykdysady dikelişini tizleşdirmek üçin bilelikde maýa goýmaga mümkinçilik berer”.

ABŞ-nyň gazna sekretary Skott Bessentiň metbugat üçin ýaýradan beýanatynda aýtmagyna görä, bu ylalaşyk "Tramp administrasiýasynyň özeninde uzagyndan azat, özygtyýarly we gülläp ösýän Ukraina bolan parahatçylyk prosesine ygrarlylygyny açyk yşarat edýär".

XS
SM
MD
LG