Türkmenistanda aprel aýynda howanyň gyzgynlygy boýunça taryhy rekordlar täzelendi diýip, howa maglumatlaryna gözegçilik edýän “Meteožurnal” neşiri habar berýär.
Ýurduň Daşoguz we Mary welaýatlarynda howa temperaturasynyň gözegçilik taryhynda iň ýokary görkezijiler hasaba alyndy. Şeýle-de, käbir ýerlerde iki gün yzly-yzyna täze rekordlar goýuldy.
27-nji aprelde Serahsda howanyň gyzgynlygy +43,3°, Ýerbentde +42,4°, Baýramalyda bolsa +41,1° ýetip, bu görkezijiler öňki ýyllaryň iň ýokary rekordlaryny täzelediler. Bu şäherlerde öňki rekordlaryň ençemesi ýüz ýyldan gowrak mundan ozal goýlupdy.