Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Zelenskini parahatçylyk gepleşiklerine päsgel bermekde aýyplady


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp (sagda) we Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Ak Tamda. (arhiw suraty)
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp (sagda) we Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Ak Tamda. (arhiw suraty)

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskini Russiýa bilen Ukrainadaky urşy bes etmek boýunça alnyp barylýan gepleşiklere päsgelçilik döretmekde aýyplady.

“Prezident Wolodymyr Zelenski ‘The Wall Street Journal’ neşiriniň baş sahypasynda: ‘Ukraina Krymyň okkupasiýasyny hiç haçan ykrar etmez. Bu ýerde gürrüň etmäge zat ýok’ diýipdir. Şeýle beýanat Russiýa bilen parahatçylyk gepleşiklerine päsgel berýär. Sebäbi Krym birnäçe ýyl öň, prezident Obama döwründe ýitirilipdi we indi bu mesele ara alnyp maslahatlaşylmaýar. Zelenskiden Krymy Russiýanyňky diýip ykrar etmegi hiç kim talap edenok, ýöne ol ony şeýle bir yzyna almak isleýän bolsa, näme üçin Ukraina on bir ýyl mundan öň, Russiýa bir ok atmazdan Krymy alanda göreşmändi? Mundan başga-da, Krymda eýýäm Obamanyň döwründen öň-de möhüm rus harby bazalary bardy” diýip, Tramp Truth Social sosial ulgamynda ýazdy.

Trampyň pikiriçe, “parahatçylyk şertnamasy eýýäm golaý” we Zelenski, “elinde hiç hili güýçli kartasy bolmadyk ýagdaýynda”, muny kabul etmeli, bolmasa, “ol tutuş ýurdy ýitirip biler”. Tramp Zelenskiniň çykyşlarynyň “Ukrainadaky ganly gyrgynçylygyň dowam etmegine” sebäp bolýandygyny aýtdy.

23-nji aprelde Ak Tamyň metbugat sekretary Kerolaýn Liwitt žurnalistlere beren beýanatynda Trampyň Ukrainadaky parahatçylyk gepleşikleriniň haýal depginde alnyp barylýandygyna “lapykeç bolýandygyny” aýtdy.

XS
SM
MD
LG