ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Russiýanyň 24-nji aprele geçilýän gije raketalar we dronlar bilen Kiýewe eden adam pidaly zarbasy barada Truth sosial ulgamynda pikirini beýan etdi.
“Russiýanyň Kiýewe eden zarbalaryndan hoşal däl” diýip Tramp ýazdy. Onuň sözlerine görä, bu hüjümler “zerur däldi” we “nädogry wagtda” amala aşyryldy. “Wladimir, saklan!” diýip Tramp Russiýanyň prezidenti Wladimir Putine ýüzlendi we “parahatçylyk ylalaşygyna gol çekmegiň wagty gelendigini!” belledi.
Şondan birneme soň, penşenbe güni Ak tamda žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Tramp, jikme-jikleri getirmän, ABŞ-nyň ylalaşygy gazanmak maksady bilen Russiýa “örän uly basyş” edýändigini aýtdy. “Men şeýle bir güýçli basyş edýärin, siz göz öňüne-de getirip bileňzok. Biz örän güýçli basyş edýäris, Russiýa muny bilýär” diýip, Tramp nygtady. Şeýle-de, ol Waşingtonyň Ukraina hem basyş edýändigini, maksadynyň parahatçylyk ylalaşygyna gelmekdigini belledi.
“Russiýa haýsy eglişikleri hödürledi?” diýen soraga Tramp: “Urşy bes etmek, tutuş ýurduň basylyp alynmagyny duruzmak. Bu diýseň uly eglişik” diýip nygtady.
24-nji aprelde Norwegiýanyň premýer-ministri Ýonas Gar Stýore bilen duşuşmazdan öň Tramp, özüniň ukrain meselesi boýunça “soňky möhletiniň” bardygyny aýtdy. Ol bu möhletiň haçan tamamlanjakdygyny anyklaşdyrmady, ýöne ABŞ-nyň “ylalaşyga örän ýakyndygyny” belledi.