Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Titanik” gämisinde diri galan ýolagçynyň haty tas $400 müňe satyldy


Arçibaldi Greýsiniň "Titanik" gämisiniň bortunda ýazan haty
Arçibaldi Greýsiniň "Titanik" gämisiniň bortunda ýazan haty

“Titanik” gämisiniň heläkçilige uçramagyndan birnäçe gün öň onuň ýolagçysy tarapyndan ýazylan hat, auksionda rekord baha bilen, 300 müň funt sterling (tas 400 müň dollar) satyldy.

Polkownik Arçibaldi Greýsiniň 1912-nji ýylyň 10-njy aprelinde ýazylan hatynda şeýle diýilýär: “Bu ajaýyp gämi, ýöne men syýahatymyň gutarmagyna garaşaryn, soňra oňa baha bererin”. Hat Greýsiniň doganoglan kakasyna iberilipdi we ol haty Londondaky Waldorf myhmanhanasynda alypdy.

Wilşirdäki “Henry Aldridge and Son” auksion öýi bu hatyň ABŞ-ly hususy kolleksionere satylandygyny habar berdi. Ol başky çaklamalardan (ilki 60 müň funt göz öňünde tutulýardy) bäş esse ýokary bahadan satyldy. Bu hat häzirki wagtda “Titanik” gämisinde ýazylan hatlaryň arasynda iň gymmady boldy.

Greýsi 1912-nji ýylyň 10-njy aprelinde “Titanik” gämisine Sauthemptonda münip, birinji derejeli kaýutada ýerleşdirilipdi. Gäminiň heläkçiliginden soň ol “Titanik hakda hakykat” atly kitap ýazyp, şol gije bolan wakalary giňişleýin beýan etdi. Auksionçy Endrýu Oldridjiň bellemegine görä, bu kitap “Titanik” wakalarynyň iň jikme-jik beýanlarynyň biri hasaplanýar.

Sowuklama we şikesler Greýsiniň saglygyna agyr täsir ýetirdi. Ol 1912-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Nýu-Ýorkda, süýji keselinden döreýän kynçylyklaryň netijesinde aradan çykdy.

XS
SM
MD
LG